Çip önümçiligini artdyrar

“Samsung Electronics” kompaniýasy geljek ýyldan başlap çip önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär.Elektron enjamlaryň tas ähli görnüşleri, şol sanda awtoulaglar üçin iň zerur komponentleriň biri bolan çiplere bolan isleg pandemiýa döwründe rekord derejä ýetipdi.

Bilermenler önümçiligiň artmagy bilen bu önüme bolan islegiň azalýandygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa koreý brendi bu ugurda maýa goýumlaryny dowam etdirýär.Kompaniýa Phýeonthek kentindeki şäherindäki zawodyndaky önümçilik mümkinçiligini geljek ýyldan başlap artdyrar.

Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän 12 dýuýmlyk ýasy çipleriň önümçilik möçberi köpeldiler. Şeýle hem bu ýerde 4 nanometrlik täze çip önümçilik desgasy gurlar.

Golaýda “Micron Technology Inc” atly başga bir çip öndüriji kompaniýa bolsa bu ugra gönükdirilýän maýa goýumyny azaltjakdygyny mälim etdi. Kompaniýa 2023-nji maliýe ýylynda 7-7,5 milliard dollar maýa goýum özleşdirmegi meýilleşdirýär. Üstümizdäki ýylda bu kompaniýa çip önümçiligi üçin 12 milliard dollar maýa goýum özleşdiripdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 18,3 göterim pese gaçdy
Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Russiýada Samsung smartfonlarynyň 61 görnüşini satmak gadagan edildi
Samsung Electronics smartfonlaryna film surata düşürmek kampaniýasyny başlatdy
Samsung-yň üçünji çärýekde operasion girdejisi 28% ýokarlandy
Gerekli Samsung Galaxy Z Fold3 we Flip3 üçin deslapky sargytlary yglan etdi