Çip önümçiligine 90 milliard ýewro çekdi

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen geçen ýyl güýje girizilen çip önümçiligine goldaw bermegi maksat edinýän kanun sebäpli 90 milliard ýewrodan gowrak maýa goýumyň çekilendigini mälim etdi. Ýewropa ýurtlary pandemiýa döwründe ýüze çykan çip ýetmezçiligini aradan aýyrmak hem-de global ýarymgeçiriji bazaryndan has köp paý almak maksady bilen önümçiligi ýola goýjak kompaniýalara ýeňillik döredýän kanun teklibini taýýarlapdy.

Lýaýen çip kanuny bilen Ýewropany ýarymgeçirijileriň barlagynda, dizaýnynda, synagynda we önümçiliginde öňdebaryjy ýagdaýa getirmek isleýändiklerini aýdyp, bu kanunyň resmi ýagdaýda şu ýylyň güýzünde güýje girýändigini, emma muňa garamazdan, eýýäm maýa goýumlaryň artandygyny aýtdy. Ýewrokomissiýanyň başlygy geçen ýylyň fewralynda çip önümçiligine goldaw berýän kanuny teklip edendiklerini belledi.

Ol Polşada ýarymgeçirijileri gaplamak we synagdan geçirmek üçin 12 milliard ýewro, Germaniýada dünýäde ilkinji gezek guruljak iki uly zawod üçin 30 milliard ýewro maýa goýumyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.Onuň sözlerine görä, Irlandiýa, Ispaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlarda hem çip önümçiligi üçin maýa goýumlar özleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni kabul etdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy 14-nji sanksiýa bukjasy boýunça özara ylalaşyk gazandy
4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi
Müsür bilen ÝB-niň arasynda 67,7 milliard ýewro möçberinde ylalaşyk şertnamasy baglaşyldy
Fon der Lýaýen ikinji möhlete saýlandy
Serdar Berdimuhamedow Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady