Çingiz Aýtmatow

Çingiz Aýtmatow

Dünýä edebiýatynda çuňňur yz galdyran beýik ýazyjylardan biri hem Çingiz Aýtmatowdyr.Hem türki dünýäde hem-de global derejede sarpa goýulan edebiýatçy bolan Aýtmatow, 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Gyrgyzstanyň Talas welaýatynyň Şeker obasynda dünýä inýär.

Moskwada döwlet gullukçysy bolan kakasy Törekul aga 1935-nji ýylda maşgala agzalaryny ýanyna getirendigi sebäpli başlangyç mekdebe Moskwada başlaýar we rus dilini öwrenýär. Ýüze çykan dartgynlyklar sebäpli maşgala agzalaryny Şekere ugradan Törekul aga, Kommunistik partiýanyň işgäri bolandygyna garamazdan 1937-nji ýylda Stalin režiminiň gurbany bolýar we atylyp öldürilýär. Çingiz we dört dogany bilimi ejesi Nagima hanym hem-de eneleri tarapyndan ösdürilýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda “Halk duşmanyň çagasy” diýlen kemsitme bilen ýaşan, şol sebäpli käbir bökdençliklere sezewar edilen Çingiz bilimini 1938-nji ýylda Kirowskoýedäki rus mekdebinde dowam etdirýär. 2-nji Jahan urşunyň agyr ýyllarynda okujy taşlap, oba arçynlygynda arçynlyk, salgyt gullukçysy bolup işleýär. Ýazyjy soňky ýyllarda şol günlerini: “Iň agyry kiçijik bedenim bilen zenanlara we garrylara uruşdan gelen şehit resminamalaryny gowşurmak we nirede, nähili ölendigini okamakdy” diýip, ýatlapdy. 1946-njy ýylda Gazagystanyň Jambyl şäherindäki Weterinarlyk mekebine okuwa girýär.

Ol ýerde mugallymlarynyň maslahat bermeginde rus klassiklerini okamaga başlaýar. 1948-nji ýylda ýokary bilim almak üçin Bişkekdäki Oba hojalyk institutyna girýär we 1953-nji ýylda ony tamamlaýar.

1952-nji ýylda “Prawda” gazetinde ilkinji hekaýasy “Gazetçi Dzýuo” çap edilýär. 1956-58-nji ýyllaryň aralygynda Moskwada Maksim Gorki adyndaky edebiýat institutynda döwrebap edebi teoriýalar boýunça kursa gatnaşýar. 1958-nji ýylda Moswka döwlet uniwersitetiniň edebiýat fakultetine girýär. Şol ýylyň ahyrynda Sowet Kommunistik partiýasyna we Ýazyjylar bileleşigine agzalyga kabul edilýar. Şol ýyl “Täze Dünýä” žurnalynda “Jemile” atly hekaýasy çap edilýär. Şol hekaýasyny fransuz diline terjime eden Luis Aragonyň eseri “dünýäniň iň çeper söýgi hekaýasy” diýip häsýetlendirmegi sebäpli meşhurlygy serhetleri aşýar.

1963-nji ýylda Sowet Soýuzynyn Lenin baýragyna laýyk görülen Aýtmatow, şol bir wagtda-da Lenin ordenine laýyk görülen iň ýaş ýazyjy derejesine eýe bolýar. 1968-nji ýylda “Hoş gal Gülsary” atly eseri bilen Sowet Beýik Edebiýat baýragyna laýyk görülýär. 1974-nji ýylda Gyrgyz Ylymlar Akademiýasyna habarçy agzalyga kabul edilýär. 1979-njy ýylda Italiýada ilkinji halkara baýraga, Etruriýa laýyk görülýär. 1983-nji ýylda “Bir gün bir asra deger” romany Beýik Sowet Edebiýat baýragyna ikinji gezek laýyk görülen bolsa, öňe süren “mankurt” obrazy bilen dolanşygyň adyna aýdan tankytlary ünsleri çekdi. 1986-njy ýylda “Böriniň düýşleri” romany bilen ýazyjylygyny ýerlilikden ähliumumy derejä göterýär.

Eserleriniň ýany bilen syýasata hem işjeň gatnaşýar.Gorbaçow döwründe Aýtmatow prezidente geňeşdarlyk eden bäş adamdan biridi.

1996-njy ýylyň oktýabrynda Gyrgyzstanyň Prezidenti Askar Akaýew tarapyndan medeniýet ilçisi hökmünde Gyrgyzstanyň ÝUNESKO-daky wekilligine bellenýär.

2008-nji ýylda dokumental filmi surata alýarka Gazan şäherinde ýarawsyzlanýar we Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde bejergi alýan mahaly 10-njy iýunda dünýeden ötýär. 13-nji iýunda 1937-nji ýylda kakasy bilen bilelikde 137 intelligentiň gizlinlik bilen atylyp, gömülen ýeri bolan Bişkekdäki Ata-Beýtde jaýlanýar.

Aýtmatow iki dilli ýazyjylaryndan biridi. Eserlerini hem rus hem-de gyrgyz dillerinde ýazyp, giň okyjy köpçüligine ýetirdi. Onuň romanlary Türkiýeden Azerbaýjana, Gazagystandan Özbegistana çenli giň sebitde okalyp, türki halklaryň arasynda medeni arabaglanşyklaryň ösmegine goşant goşdy.

Ýazyjynyň dili sada, şol bir wagtda-da täsir galdyryjy häsýete eýedir.Eserlerinde türk mifologiýasyna, däp-dessurlaryna we halk medeniýetine giň orun berdi. Çingiz Aýtmatow Sowet dolanşygynyň assimlýasiýa syýasatyna garşy milli şahsyýetiň goralyp saklanmagyna uly goşant goşýar.

Eserleri diňe bir edebi däl, şol bir wagtda-da çuňňur pelsepewi we syýasy düşünjeleri özünde jemleýär.Totolitar dolanşyklary tankyt eden, adamyň jemgyýetiň öňündäki borçlaryny derňeýän düşünjeler, türki dünýäde intelligentlere we intellektuallara çuňňur täsir ýetirýär.

Onuň eserleri 175 dile terjime edilýär we 128 dilde neşir edilýär. 49 sanysy halkara ýüzlerçe baýraga laýyk bolýar.

Aýtmatow döwrebap edeniýatyň güýçli wekillerinden biri hökmünde adamzat taryhynyň esasy meselelerini türki medeniýet arkaly ähliumumy garaýyş bilen beýan etmegiň hötdesinden gelýär. Şol sebäpli türki dünýäniň edebi we medeni wekili hökmünde baky hormatlanar.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzysantyň ilçisi: Türkmenistanyň ynsanperwelik kömegi Gyrgyzystana ilkinji bolup ýetirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy