Çimaýew Býorns söweşi 9-njy aprelde UFC 273-de geçiriler

Çimaýew  Býorns söweşi 9-njy aprelde UFC 273-de geçiriler

UFC-niň ýarym orta agramly söweşijileri Hamzat Çimaýew bilen Gilbert Býornsiň arasyndaky söweşiň senesi belli boldy. Söweş 9-njy aprelde UFC 273 turnirinde geçiriler we onda Aleks Wolkanowski bilen koreýaly Zombiniň hem-de Pýotr Ýan bilen Aljameýn Sterlingiň arasyndaky söweşler turniriň esasy söweşleri bolar. Bu barada sports.ru habar berýär.

UFC Çimaýew bilen Býornsiň arasyndaky söweşi 7-nji maýda Braziliýada UFC 274 turnirinde geçirmegi meýilleşdirdi, ýöne ýurda girmek üçin karantin düzgünleriniň üýtgedilmegi sebäpli söweşi ABŞ-a geçirmeli boldy.Indi UFC söweşi 9-njy aprelde geçirmek isleýär.

Söweş Çimaýew ABŞ-a wizany almaga ýetişen ýagdaýynda tassyklanylar. Çimaýewiň hasabynda MMA düzgünleri boýunça on söweşde on ýeňiş bar. 27 ýaşly Çimaýew oktýabrda UFC 267 turnirinde sambişn arkaly Li Szinlýany ýeňdi.

Býornsiň hasabynda 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar. 35 ýaşly Býorns iýulda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Stiwen Tompsony ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Hamzat Çimaýew UFC-niň taryhynda özboluşly üstünlik gazandy
Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Çimaýew UFC 273-de Býornsden üstün çykdy
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
UFC ýeňil agramda Oliweýra Getji titul söweşini tassyklady
Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi