20-nji dekabrda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky Medeniýet merkezinde Ýalda gijesine, ýagny, günüň uzalyp başlaýan wagtyna (21-22-nji dekabr) bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.Bu çärede baýramçylygyň nyşanlary bolan önümler bilen ýörite saçaklar bezeldi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, şeýle hem merkezde bilim alýan pars dilini öwrenijiler, ilçihananyň işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani çykyş edip, gadymdan gelýän bu baýramçylygyň ähmiýeti barada belläp geçdi.
Diplomat “Ýalda” ýa-da “Çille” gijesiniň däp-dessurlarynyň arasynda bereketiň, saglygyň, bolçulygyň we bagtyýarlygyň alamaty hasaplanýan hoz, garpyz, nar, süýji we dürli miweleri iýmek däbiniň bardygyny aýdyp, munuň simwoliki ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Şeýle hem Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda bu gijäniň ýylyň iň uzyn gijesidigini belläp, onuň her ýyl baýramçylyk hökmünde bellenilýändigini aýtdy.
Dabaranyň dowamynda Ýalda baýramynyň taryhy, medeni aýratynlyklary we däp-dessurlary barada gürrüň berildi. Ýalda baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çärede, merkezde bilim alýan pars dilini öwrenijiler gyzykly sahna oýunlary ýerien ýetirdiler, Ýalda hakynda aýdym aýtdylar we goşgy okadylar. Çärede çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, ähli myhmanlara, dabara gatnaşanlara Ýalda baýramçylygy mynasybetli hödür-kerem edildi. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan Ýalda baýramy diňe bir Eýranda däl, eýsem sebitiň beýleki käbir ýurtlarynda-da giňden bellenilýär. /* custom css */ .td_uid_15_6766aff773e1b_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6766aff773e1b_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }