Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar

Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar

Öňümizdäki ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden arassalamagy meýilleşdirýän Türkmenistanda çilimiň bahasy birden iki esseden gowrak gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda birnäçe gün ozal bir gutusy 50 manatdan satylan çilimleriň bahasynyň 100 manada çykandygyny habar berýärler.

Bahalaryň birden ýokarlanmagy ýaňy-ýakynda bolup geçen ýagynly howada Aşgabatda we eteklerinde ýerleşýän çilim ammarlaryny sil suwlarynyň basyp, temmäki önümleriň zaýalanmagy bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda, sil suwlarynda zyýan çekip, saralan we zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar.

Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy ortaça çilimiň bir gutusynyň 100 manada çykandygyny habar berýär. Mary welaýatyndaky üçünji habarçymyz hem bu bahalary tassyklap, käbir sebitlerde bir guty çilimiň bahasynyň 150-200 manada çenli baryp ýetendigini aýdýar.

“Ýagynly günlerde Aşgabada we eteklerine sil gelip, çilim saklanýan ammarlary suw basypdyr we çilimler zaýa bolupdyr. Çilim korobkalary suwuň astynda galyp, ammaryň suwuny wagty bilen aýryp bilmändirler. Häzir suw geçmedik çilimiň bahasy 100 manat, birnäçe gün ozal 50 manatdan satylýardy. Suw geçip, saralan çilimler 35-40 manatdan satylýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Temmäki önümleri Mary welaýatynda 21-nji maýda irden gymmatlady. Alyjylar täze bahalar bilen dükanlara baranlarynda tanyş boldular.

“Biz ýaňy bir mahorka çekmegimizi bes edipdik, ýaňy bir çilime öwrenişipdik. Bahalaryň ýokarlanmagy bilen, ýene-de mahorka çilimine bolan höwesiň artmagy mümkin” diýip, beýleki bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan saglyk maksatnamalarynyň çäklerinde, 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden arassalamagy meýilleşdirýär. Şeýle maksatlar bilen, ýurdy temmäki önümlerinden doly azat etmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin, ýörite milli maksatnama kabul edildi.

Bu aralykda, ýurtda temmäki önümleriniň bahalary soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda yzygiderli ýokarlandy.

Türkmenistanda çilim göreşi 2016-njy ýylda güýçlendi. Şondan bäri çilim söwdasy yzygiderli çäklendirilýär, bu boýunça ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Ýurtda temmäki önümlerine degişli gümrük, salgyt we beýleki goşmaça tölegler yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan goşmaça gümrük tölegleri 116 %-den 145 %-e çenli ýokarlandyryldy.

Bir ýyl ozal, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bolsa, degişli tölegler 93 %-den 116 %-e çykarylypdy.

Şeýlelikde, iki ýylyň dowamynda çilimiň goşmaça gümrük tölegleri 55 % ýokarlandy.

“Gurply hojalyklarda ýaşaýan çilimkeşler çilimiň bahasy näçe gymmatlasa-da, satyn alyp çekerler. Täze bahalar olara gaty bir bildirmez. Ýöne pes gatlakdaky adamlara 2-3 manat hem bolsa bildirýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy habarçylarymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, çilim çekýän adamlar, gymmatçylygyň fonunda, dürli ot-çöpleriň ýapraklaryny guradyp, temmäki hökmünde çekilmeginiň gaýtadan giň ýaýramagynyň mümkindigini aýdýarlar.

“Adamlar ýene-de dürli ot-çöpleriniň ýapraklaryny guradyp, temmäkileri gazet-žurnallaryň sahypalaryna dolap, çilim hökmünde çekip başlarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary has ozal, çilim çäklendirmeleriniň arasynda, ýurtda guran otlardan ýasalan galp çilimleriň giňden ulanylyp başlanandygyny, lukmanlaryň bu önümleriň zyýanlary barada duýduryş berendigini habar berdiler.

Şol bir wagtda, ýurtda suw çilimleriniň çekilmegi hem çäklendirilýär. 2023-nji ýylyň iýunynda döwlet telewideniýesi kalýan çekip, öz suratlaryny Instagram ýaly sosial ulgamlarda paýlaşan erkek raýatlaryň tobaly çykyşlaryny görkezdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ahal welaýatynda we paýtagtda ýagyş uly zyýan ýetirdi
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy
Wise-premýer pagta ýygymynyň dekabr aýynda-da dowam edýändigini boýun aldy