Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň temmäki önümleri we spirtli içgiler satylýan hususy dükanlarynda dükan eýeleriniň ygtyýarnamalary barlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Dükan satyjylary nobatdaky barlag tolkunyny häkimiýetleriň “para almak” tagallalary atlandyrýarlar.
Ygtyýarnamasyz çilim we spirtli içgi söwdasy bilen meşgullanýan dükan eýelerine jerime salynýar, harytlary döwletiň haýryna geçirilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy “barlagçylaryň” döwletiň anyk haýsy edarasyndan iberilendigini anyklap bilmedi. Ýöne habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan dükan eýeleri we satyjylar “barlagçylaryň” hususy dükanlarda parahorlyk bilen meşgullanýandyklaryny aýdýarlar.
Bir dükan eýesi “barlagçylaryň” özünden dürli haýbatlar bilen para almaga synanyşandyklaryny habar berýär. Ol özüne para bermedik halatynda dükanyna möhür basyljakdygynyň duýdurylandygyny gürrüň berýär.
Söwda nokatlarynda amala aşyrylýan nobatdaky barlag tolkuny ýurtda Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasyna häkimiýetleriň yglan eden güýçlendirme düzgüniniň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 22-nji sentýabrda paýtagtyň hususy we döwlet dükanlarynda hem barlag işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. Ol şäheriň söwda nokatlarynda alnyp barylýan barlaglara polisiýa işgärleriniň ýolbaşçylyk edýändigini takyklady.
Marydaky habarçy bilen gürrüňdeş bolan ikinji bir dükan eýesi barlagçylara 6 müň manat möçberinde para berendigini boýun alýar. Munuň öwezine, häkimiýet wekilleri ygtyýarnamasyz çilim we spirtli içgi satylýan dükany möhürlemekden el çekýär.
“Para bermeseň, hakykatdan-da, gapyňa möhür basjakdyklaryny aýdýarlar” diýip, dükan eýesi aýdýar.
Üçünji bir dükan eýesi Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde barlaga gelen häkimiýet wekilleriniň para talaplaryndan halas bolmak üçin, özüniň howpsuzlyk gulluklarynda işleýän dogan-garyndaşlarynyň birinden haraý soramagy barada gürrüň berýär.
“Garyndaşlarymyň biri kanun goraýjy edaralarda işleýär. Şoňa ýüz tutdum, jaň etdim. Ol garyndaşym hem näçe para sorasalar ber’ diýdi” diýip, dükan eýesi aýdýar.
Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan salgydyň möçberi 2022-nji ýylyň aprelinde artdyryldy.
Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurty temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Munuň çäginde, şu ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy.
Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.
Şeýle-de, häkimiýetler 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda hem karar kabul etdi.
Bu kararyň yzysüre, hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda käte çäkli möçberde ýola goýuldy. Bu gadagançylyk wagtyň geçmegi bilen gowşan bolsa-da, wagtal-wagtal güýçlendirilýär.
Galyberse-de, Türkmenistanda endemiki häsiýete öwrülen korrupsiýa hadysalary, şol sanda parahorlyk, nepotizm, garyndaşparazlyk we korrupsiýanyň başga-da köp görnüşi jemgyýetiň ähli gatlaklarynda, durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezýär.
Korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunlary eýeleýär.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan dükan eýeleri häkimiýetleriň ygtyýarnama talaplaryny bahana hökmünde ulanýandyklaryny, ygtyýarnamanyň ornunyň para bilen ýapylýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” kanun hereket edýär. Ýöne ýurt raýatlary kabul edilýän kanunlaryň kagyz ýüzünde galýandygyny, olaryň iş ýüzünde amal edilmeýändigini aýdýarlar.
Ýurduň korrupsiýa garşy kanunçylygy döwlet gullukçylarynyň baş goşýan, ýol berýän parahorlygynyň kanun goraýjy edaralara duýdurylmagyny talap edýär.Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar ýurduň ylym, bilim, saglyk, oba hojalygy, gurluşyk, senagat we beýleki pudaklarynda harby we hukuk goraýjy edaralarda, prokuratura, içeri işler edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda, harby bölümlerde, mekdeplerde, çagalar baglarynda we söwda pudagynda ýol berilýän parahorlyk hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal “korrupsiýada aýyplanýan” elleri gandallary adamlary aglap toba edýän görnüşde görkezýär. Ýöne telewizion tobalar ýurtda korrupsiýanyň köküniň sökülmegine ýardam bermeýär.
Marydaky habarçynyň maglumatlaryndan çen tutulsa, sebitdäki söwda nokatlarynda barlag geçirýän häkimiýet wekilleriniň para bilen kemçiliklere göz ýummagy, dükanlarda möhleti geçen harytlaryň satylmagyna-da ýol berýär. Bu bolsa ýerli ýaşaýjylaryň jan-saglygyna howp abandyrýar.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde geçirilýän barlaglar boýunça Marynyň welaýat häkimliginde hem-de Türkmenistanyň söwda ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.