Çilim tüssesi koronawirusa ýokuşmaga kömek edýär

Çilim tüssesi koronawirusa ýokuşmaga kömek edýär

“Cold Spring Harbour” barlaghanasy tarapyndan geçirilen barlagda çilim tüssesiniň öýkeni ACE2 belogyny has köp işläp çykarmaga mejbur edýändigi anyklandy. Bu belogy SARS-CoV-2 koronawirusy öýjüge girmek üçin ulanýar diýip, popmech.ru habar berdi.

Alymlar ýokançlygyň bedene aralaşmagyna sebäp bolýan beloklar bilen adamlaryň keseli has agyr geçirýän üç toparlarynyň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny öňe sürdüler.Bu toparlar - garrylar, erkekler we çilimkeşler. Ýygnalan maglumatlaryň netijesinde, barlagçylar temmäki tüssesiniň ACE2 belogynyň önümçiligini ep-esli ýokarlandyrýandygyna, jynsyň we ýaşyň bu prosese täsir etmeýändigine ünsi çekdiler. Çilimi taşlanlarda bu belogyň öndürilişiniň kadaly ýagdaýa gelýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, dem alyş ýollarynda ACE2-niň iň köp mukdaryny nem emele getirýän öýjükler öndürýär. Çilim çekmek olaryň köp öndürilmegine sebäp bolýar, ýagny olar dem alyş ýollaryny goraýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde bedeni SARS-CoV-2-e garşy has gowşadýarlar.

Ýene degişli makalalar

Buz astyndaky köller suwuklygyny nähili saklaýarlar?
Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär
Awiasiýa pudagynyň üçünji eýýamy
Oba hojalygy ylmy esasda ösdürilýär
Administratiw temmi alan raýatlar, esgerler pagta ýygymyna mejbury çekilýär, býujetçiler pul töleýär
Bal garynjalary