
Amerikan Geologiýa ylmy-derňew guramasy ýer titremäniň güýç merkeziniň Kokreýn sebitiniň demirgazyk-günbatarydygyny habar berdi.
Ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titremäniň ululygynyň 6,2 baldygy mälim edildi.
Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi, tebigy apatda ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi.