Alymlar tarapyndan Çiliniň daglyk kenarýaka zolagynda Zeminde iň garry daragt bolmagy gaty ähtimal hasaplanýan agajyň üstünden baryldy, ol fisroýýa (Fitzroya cupressoides) agajydyr diýip, “Science” ylmy neşiri ýazdy diýip, MIR24 habar berýär.
Parižiň Howa we ekologiýa laboratoriýasyndan ekolog Jonatan Bariçiwiç däp bolup gelýän usullaryň hem-de kompýuter hasaplamalaryň netijesinde daragtyň ýaşyny kesgitledi, ýagny ýörite barlaglar agajyň mundan 5484 ýyl mundan öň boý alyp başlandygyny görkezdi, şunlukda fisroýýanyň ýaşynyň 5 müň ýyldan hem geçýän bolmagy mümkin.
Alymlar “Gran-Abuelo fisroýýasy” diýlip at berlen agajyň adamlaryň ýaňy haty oýlap tapan döwri ösüp başlan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Daragt salkyn jülgede ýerleşmek bilen, barmagyň kyndygy sebäpli çapylmakdan we ýangyndan aman galypdyr.
Diametri 4 metrden gowrak bolan äpet bagyň şahalarynyň köpüsi gurapdyr, garaharsaň, lişaýnikler, hatda jaýryklarynda kök uran beýleki agaçlar bilen örtülipdir. Emma ol muňa garamazdan, uzak ömrüni dowam edýär diýip, alymlar aýdýarlar.
Öň alymlar dünýäde iň uzak ýaşly jandary tapypdylar, ol 190 ýyl töweregi ýaşy bolan Jonatan atly pyşbagadyr.