
Içeri işler ministrligi elektrik ulgamyndaky näsazlyk sebäpli ýurduň esasy böleginde elektrik togunyň kesilmeginden soň Çiliniň paýtagty Santiago bilen bilelikde adatdan daşary ýagdaý hem-de köçä çykma gadagançylygynyň yglan edilendigini aýtdy.
Elektrik togunyň kesilmeginden soň metro gatnawy dessine bes edildi. Ýurduň esasy şäherlerinde ýol gatnaw çyralary işlemedi we ýol gatnawynda dyklyşlara sebäp boldy.
Şäherara transport gatnawyny üçin elektrobuslar gatnawa çykdy.
Elektrik togy Çilidäki ýyly howa tolkunyndan soň boldy we resmiler ýerlerde dessine agyz suwy üpjünçiligini ýola goýdular.