Çikagoda dünýä rekordy täzelendi

Her ýyl geçirilýän 6 uly marafon ýaryşynyň biri bolan Çikago marafonynda keniýalylar ýeňiş gazanyp, dünýä rekordy hasaba alyndy.

46-njy gezek geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda keniýaly Rut Çepnetiç dünýä rekordyny goýdy.Ol 42,196 kilometr aralygy 2 sagat 9 minut 56 sekuntda tamamlap, dünýä rekordyny täzeledi.

Zenanlaryň arasyndaky ozalky rekord efiopiýaly Tigst Assefa degişlidi.Ol geçen ýyl Berlin marafonynda 2 sagat 11 minut 53 sekuntda ýaryşy tamamlapdy.Rekordy 2 minuta golaý ösdüren 30 ýaşyndaky Çepngetiç Çikago marafonynda 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýeňiji bolupdy.

Ýaryşda Çepngetiçden soň efiopiýaly Sutume Kebede 2-nji, keniýaly Irine Çeptai 3-nji ýeri eýeledi. Kebede ýeňijiden 7 minut 36 sekunt, Çeptai bolsa 7 minut 55 sekunt giç pellehana geldi.

Erkekleriň arasynda keniýaly Jon Korir 2 sagat 2 minut 4 sekuntda pellehana gelip, 1-nji orna mynasyp boldy. 2 sagat 4 minut 39 sekuntda ýaryşy tamamlan efiopiýaly Mohamed Esa 2-nji, 2 sagat 4 minut 50 sekuntda pellehanadan geçen keniýaly Amos Kipruto 3-nji orny eýeledi.

Çikago marafonyna bu ýyla 50 müňden gowrak türgen gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Makoleý Kalkin Ýeke özi öýde filmindäki öýi satyn almak isländigini gürrüň berdi
Çikago şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenildi
Berlinde dünýä rekordy täzelendi
ABŞ-da ýolagçy uçaryny ýyldyrym urdy