Türkmenistanyň prezidenti 30-njy awgustda fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny — “Sifal” toparynyň ýolbaşçysy we baş direktory Žil Remini hem-de “Winçi Konstruksýon Gran Prože” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we baş direktory Alen Bonnony kabul etdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, kompaniýalaryň ýolbaşçylary prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa fransuz diline terjime edilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitaby sowgat berip, bu eseriň olaryň watandaşlaryna milli-medeni özboluşlylyk, türkmen halkynyň däp-dessurlary we durmuş kadalary bilen tanyşmaga, şeýle hem türkmenleriň dünýäniň ylmy-ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna baha bermäge mümkinçilik berjekdigini bellediler.
Myhmanlar duşuşyk wagtynda öz wekilçilik edýän kompaniýalarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pygtalandyrmak we öndürijilikli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini bildirdiler.
Iş gatnaşyklarynyň ösdürilip biljek esasy ugurlary hökmünde ÝET, transport ulgamy we gurluşyk diýip bellenildi.
“Cifal” Türkmenistan bilen 1993-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär, kompaniýanyň başlygy Žil Remi prezident Berdimuhamedow bilen yzygiderli duşuşyp durýar. Şu döwrüň içinde, bu kompaniýanyň kömegi bilen Fransiýanyň Bouygues, Thomson/Thales, Elf/Total, Vinci we beýleki kompaniýalary türkmen bazaryna girdi.
Belleýäris, Saparmyrat Nyýazowyň dolandyryşy döwründe hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistandan proýekt almak üçin, “Ruhnamany” dünýäniň dürli dillerine terjime edipdiler.