25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi. Döwlet Baştutany halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Cifal” fransuz kompaniýasynyň ençeme ýylyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident we myhman ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat ulgamynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, binagärlik, gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de ýangyç-energetika toplumy we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.
Döwlet Baştutany milli hem-de sebit ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek meýlini tassyklap, Türkmenistanyň bu babatda anyk tekliplere garamaga taýýardygyny nygtady. Žil Remi “Cifal” kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge mundan beýläk-de pugta eýerjekdigine ynandyrdy.