“Christie’s” auksionyna Rembrantyň kartinalary satyldy

Niderlandly suratkeş Rembrantyň çeken iki portreti Londondaky “Christie’s” auksion öýünde 13 million ýewro satyldy. Iňlis maşgalasynda saklanyp galan bu kartinalary gözden geçiren auksion öýüniň hünärmeni Genri Pettifer olaryň Rembrant wan Reýn (1606-1669) tarapyndan çekilendigini tassyklady. Şeýle portretleriň bardygy sungaty öwrenijilere-de mälim däldi.

Iki ýyllap geçirilen barlaglarda täjir Ýan Willems wan der Plýumyň we onuň aýaly Ýapgen Karelsiň portretleriniň 1635-nji ýylda çekilendigi we iň soňky gezek 1824-nji ýylda “Christie’s” auksionynda satylandygy ýüze çykaryldy.

Satuwyň bahasy “Christie’s”-iň ýedi milliondan dokuz million ýewro aralygyndaky çaklamasyndan ýokary boldy. Bu kiçijik kartinalar Rembrantyň çeken portretleriniň maşgalalarda galan iň soňky kartinalary hasaplanýar. Bu eserler, Rembranta we onuň maşgalasyna ýakyn bolan garry är-aýalyň şekilleri bolup, gollandiýaly suratkeşiň öz ýakynlarynyň arasynda suratkeş hökmünde oýnaýan roly barada özboluşly düşünje berýär.

-Çuňňur adamzat duýgusy bilen çekilen bu portretler Rembrantyň çeken iň kiçi portretleri bolup, onuň inkär edip bolmajak zehinine düşünmegimize ýardam berýär diýip, bu portretleri ýüze çykaran “Christie International” guramasynyň başlygynyň orunbasary Genri Pettifer belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Italiýada iň uly kädi ösdürip ýetişdirdiler
103 günlük aratapawut bilen 6 gün öň täzelenen rekordy täzeledi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Ýyldyzlary jemleýän kino