Hytaýyň China Southern Airlines awiakompaniýasy Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda göni yzygiderli howa gatnawlary gaýtadan ýola goýýar. Ilkinji ýolagçy gatnawy 2023-nji ýylyň 28-nji martynda meýilleşdirilýär.
Uçuşlaryň hepdede bir gezek, sişenbe güni Boeing 737-800 uçarlarynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Degişli ugur boýunça petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.
CZ6015 uçuşy sişenbe güni Pekin wagty bilen sagat 22:20-de Urumçiden (URC) ugrar we ýerli wagt bilen 23:30 töweregi Aşgabat şäherine (ASB) geler. Yzyna gaýdyş ýerli wagt bilen sagat 01:00-da Aşgabatdan ugrar we Pekin wagty bilen 07:35-de Urumçi şäherine baryp ýeter.
China Southern Airlines koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlaryny togtadypdy. Türkmenistan awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli howa gatnawlaryny dowam etdirmegine garaşylýar.
China Southern Airlines-iň esasy merkezi Hytaýyň Guançžou şäherinde ýerleşýär.
China Southern Airlines-iň uçuşlary üçin petekleri www.csair.com internet sahypasynda we iOS programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri kompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasyndan hem şu salgy boýunça alyp bilersiňiz:
Magtymguly şaýoly 141/1, Ak altyn myhmanhanasy, 206.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +9931236399.