China Southern Airlines Siandan Urumçiniň üsti bilen Aşgabada uçuşlary amala aşyryp başlady

China Southern Airlines Siandan Urumçiniň üsti bilen Aşgabada uçuşlary amala aşyryp başlady

Hytaýyň China Southern Airlines awiakompaniýasynyň şenbe güni Siandan (HHR) Aşgabat şäherine (Türkmenistan) ilkinji uçuşy amala aşyryldy. Bu barada Sinhua habar berdi.

Maglumatlara görä, CZ5085/6 uçuşlar her şenbe güni Sian (XIY) — Urumçi (URC) — Aşgabat (ASB) ugry boýunça amala aşyrylar. Ýolagçylar Pekin wagty bilen 17:30-da Siandan göge galyp, ýerli wagt bilen 23:10-da Aşgabat şäherine geler.

Yzyna gaýdýan uçar ýekşenbe güni ýerli wagt bilen 00:40-da Aşgabatdan ýola çykar we Pekin wagty bilen 12:30-de Siana barar.

China Southern Airlines awiakompaniýasy Türkmenistanyň paýtagtyna göni uçuşlary hödürleýän ýeke-täk hytaý gatnawydyr.

China Southern Airlines awiakompaniýasynyň Sian şahamçasynyň müdiriniň orunbasary Li Szýusýuan häzirki wagtda ýolagçylaryň köpüsiniň iş saparlaryny amala aşyrýanlardan ybaratdygyny, geljekde bolsa syýahatçylaryň has köpeljekdigini aýtdy.

Aşgabat China Southern Airlines awiakompaniýasynyň Merkezi Aziýada Astana (Gazagystan), Bişkek (Gyrgyzystan), Duşanbe (Täjigistan) we Daşkent (Özbegistan) şäherlerinden soň gatnaw edýän bäşinji ugry boldy.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer
“Sinotrans” Hytaý bilen Gazagystany birikdirýän täze TIR ugruny işe girizdi
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini 70 ýaş doglan güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady