Chery kompaniýasy Toyota Camry we Kia K5 bilen bäsdeşlik etjek täze flagman sedanynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Arrizo 8 atly awtoulag Pekiniň awtosalonynda görkeziler.
Arrizo 8, özünden öňkülere garanda, has netijeli we tygşytly, täze ýangyç bilen işleýän, gibrid, elektriki we wodorod gurluşlary döretmegi meýilleşdirýän Chery 4.0 tehnologiýa maksatnamasynyň çäklerinde goýberiler. Şunlukda, içinden ot alýan hereketlendirijileriň termiki peýdaly hereket koefsiýenti (PHK) 45%-e ýetýär, gibridler üçin ýangyjyň sarp edilişi 95-e çenli peselýär.
Sedan Arrizo 8-iň radiatorynyň gözenegi Lexus-yň stilinde ik görnüşli şekili alar, şeýle özboluşly yşyklandyryşa eýe bolar.Awtoulagyň on sany howpsuzlyk ýassygy, proeksiýa displeýi, hersiniň diagonaly 12,3 dýum bolan iki sany ekrany we oturgyçlary Mercedes awtoulagynyňky ýaly, dolandyryş düwmeleri gapyda ýerleşen elektropriwodly bolar. Çep stoýkadaky kameranyň gözjagazy adamlaryň ýüzüni tanamaga we sürüjiniň ýadawlygynyň derejesine gözegçilik etmäge hyzmat eder.
Tehniki häsiýetnamasy baradaky jikme-jiklikler barada soň goşmaça aýdylar.