Çeşme: Marydaky un ýetmezçiligine Owganystana ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy sebäp boldy

Çeşme: Marydaky un ýetmezçiligine Owganystana ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy sebäp boldy

Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary ýene-de un gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz habar çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň käbir etrabynda un satuwda ýok, beýlekilerinde çäkli görnüşde satylýan unuň söwdasy gijikdirilip amala aşyrylýar.

"Etraplarda ýene-de düýpden un ýok. Serhetabat etrabynda Ymambaba, Garaköl obalarynda bir-iki hepde bäri unuň ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Adamlar umydyny ýitirýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçysy aýdýar.

"Mary welaýatynyň Baýramaly, Garagum, Ýolöten, Sakar-çäge, Murgap etraplarynyň ýaşaýjylary mart aýynyň un normasyny diňe apreliň ortalarynda satyn alyp bildiler" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berýär. Maglumatda, bu etraplarda aprel aýynyň un normasynyň iýunda täze galla hasyly ýygylýança berilmejegi aýdylýar.

Türkmenistanda ilata döwlet bahasyndan bir kilogramy 1 manatdan satylýan unuň normasy her adam başyna bir aýda 5 kilograma barabar. Un we çörek döwlet dükanlarynda satylýar, hususy dükanlarda we bazarlarda bahalar ençeme esse ýokary.

​Şol bir wagtda-da, Azatlygyň hökümetdäki çeşmeleri Mary welaýatyndaky un gytçylygynyň Türkmenistanyň silden ejir çeken Owganystana ynsanperwer kömegini ugratmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

- Azyk önümleriniň, ikinji nobatda-da unuň uly möçberi ynsanperwer kömegi hökmünde ýa-da örän pes bahadan Owganystana ugradylýar. Öň bu döwlet zapaslaryndan üpjün edilýärdi - un, pagta ýagy, konserwa we beýlekiler.

Häzir bolsa üpjünçilik ilat üçin niýetlenen zapaslardan amala aşyrylýar.Hut şonuň üçin Mary welaýaty ilkinji nobatda ejir çekýär, hut şu ýerden esasy zapaslar "çykarylýar" we Owganystana ugradylýar" diýip, Azatlyga Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşme gizlinlik şerti bilen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, azyk önümleri Owganystana serhet ýakasyndaky Serhetabadyň üstünden ugradylýar.

"Üpjünçilik Guşgy-Serhetabadyň üstünden geçýär, ol ýerde bar zat jemlenýär, eger ýük demirýoldan gelse, demirýol bilen dessine Turgunda, Owganystanyň territoriýasyna ugradylýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şu günler ilata döwlet bahasyndan satylýan unuň elýeterliligi ýurduň beýleki regionlarynda hem çäkli bolmagynda galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan we Ahal welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

"Serdar şäherinde, öňki Gyyzyl-Arwatda "paýlanýan" un bar, emma çäklendirilip satylýar. Her bir maşgala belli bir möçberde berilýär, şeýle-de bir dokumentde ýörite bellik edilýär. Emma ondan uzakdaky Gaznajykda [Bereketde] kynçylyk duýulýar, üpjünçilikde bökdençlik bar. Baýramalydaky ýaly ýagdaý, ýetişeni alýar, hemmä ýetmeýär, käbir ýerlerde adam başyna iki kilogramdan satýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtda döwlet dükanlarynda un satylýar, emma onuň hili örän pes.

"Ýurtda öndürilýän unuň hili örän ýaramaz. Aşgabatda käbirler uny özleri üçin däl-de, beýleki welaýatlardaky garyndaşlary üçin aýarlar. Daşary ýurtly unuň bir kilogramynyň bahasy öndürlen ýurduna we hiline görä, 10-25 manat aralygynda" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenyň ilatynyň un we çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolanyna bir ýyldan gowrak wagt boldy. Aýratynam un gytçylygy oba ýerlerinde has agyr duýulýar. Ýerli ilatyň çörek we un satyn almak tamasy bilen esli wagtlap ýapyk dükanlaryň öňünde oturýandygy ençeme gezek habar berilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Lebap welaýatynda tebigy gazyň 53 milliard kub metrlik täze ýataklary anyklanyldy
Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýlar çylşyrymlaşdy
Türkmenistandaky inçekeselli näsaglar hassahanada berilýän naharlaryň ugursyzlygyndan şikaýat edýärler
Türkmenistanyň Mary welaýatyna suw basmak howpy abanýar
Güýçli ýagyş paýtagtyň ençeme köçesinde jaýryklary emele getirdi; garaşsyz neşir Mara sil gelmek howpunyň abanýandygyny aýdýar