Çeşme: Aliment töläp bilmeýänleriň üstünden ýazylan arzalar rekord derejä ýetdi

Çeşme: Aliment töläp bilmeýänleriň üstünden ýazylan arzalar rekord derejä ýetdi

Balkan welaýatynda çagaly eneleriň onlarçasy ýerli prokuraturanyň aliment töläp bilmeýän erkekleriň üstünden ýazylan şikaýat arzalaryny ençeme aýlap kanagatlandyrmaýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň welaýat prokuraturasyndaky ygtybarly çeşmesi aliment meselesi bilen bagly gelip gowşan arzalaryň ozal görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigini aýdyp, edaranyň olara seredip ýetişmeýändigini belleýär.

“Ýakynda men mundan iki aý ozal beren arzamdan habar almak üçin Balkanabatdaky welaýat prokuratura bardym.Iki aýyň dowamynda arzamy okap hem görmändirler.Meniň arzamy binanyň bir otagyndaky tozan basyp ýatan müňlerçe arzanyň arasyndan bir sagat gözläp, zordan tapdylar.

Soňra-da ony kompýutere geçirdiler.Iki aýda kompýutere hem geçirmändirler.Maňa ýene iki aýdan habar al diýip, öýüme ugratdylar” diýip, mollagaraly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol aýrylyşan adamysynyň sekiz aý bäri çagalary üçin aliment, ýagny maşgala agzalarynyň biriniň kanunda bellenilen halatlarda beýlekilerini ekläp-saklamak üçin tölemäge borçly bolan serişdelerini tölemeýändigini hem belledi.

Sebitdäki habarçymyz şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan başga-da onlarça zenan bilen söhbetdeş boldy. Olaryň arasynda çagalary üçin sekiz aýdan iki ýyla çenli aliment alyp bilmeýän eneler bar.

“Çaganyň kakasy işlemeýän bolsa her çaga 200 manada golaý, eger işleýän bolsa 300 manada golaý aliment bermeli” diýip, balkanabatly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat prokuraturasyndaky ygtybarly çeşmämiz hem aliment töläp bilmeýän erkekleriň üstünden ýazylan şikaýat arzalarynyň ençeme aýlap kanagatlandyrylmaýandygyny tassyklady.

Ol munuň sebäbini soňky aýlarda aliment meselesi bilen bagly gelip gowşan arzalaryň sanynyň rekord derejede köpelendigi bilen düşündirdi.

“Prokuratura arzalaryň köpdüginden ýaňa olara seredip ýetişenok, hat-da edaranyň beýleki jenaýat işleriniň üstüni açmaga hem wagty galmaýar. Her hepdäniň çarşenbe we anna günleri aliment meselesi bilen bagly gelip gowuşýan arzalardan ýaňa kabinetlerde boş ýer galmady” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýakynda welaýatyň prokuratura işgärleriniň, hukuk toparlarynyň we häkimlik wekilleriniň gatnaşmagynda aliment meselesine bagyşlanan uly maslahatyň geçirilmegine hem garaşylýar.

“Onda [maslahatda] aliment meselesini nädip çözmek barada maslahat ediler.Sebäbi aliment tölemeýän erkeklere dürli çäreler görüldi.Hat-da olary daşary ýurda çykmaz ýaly gara sanawa hem goşduk.

Olaryň käbirlerini 15-30 gije-gündiz tussaglykda sakladyk, käbirlerini jemagat işlerine çekdik.Indi polisiýa hem olary kabul etmekden boýun gaçyrýar. Şol sebäpli bu mesele juda agyr we uly meselä öwrülip barýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 4245-nji maddasynda “çagalary ýa-da işe ýarawsyz ata-eneleri ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemekden boýun gaçyrmaklygyň” binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da 10-dan 15 gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Çeşmämiz ýurduň kanunçylygynyň “aýratyn ýagdaýlarda we belli bir möhletden artyk wagt bäri aliment tölemeýän erkekleri” atalyk hukugyndan mahrum etmäge rugsat berýändigini, ýöne munuň “ýokardan gadagan edilýändigini” hem belledi.

“Eger beýle edilse, döwlet çaga 18 ýaşaýança onuň enesine kömek puluny bermeli. Şol sebäpli bize atalyk hukugyndan mahrum etmek üçin rugsat berilmeýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat prokuraturasyndan resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş şertleriniň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, soňky bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurtda aliment töläp bilmeýän raýatlar köpelýär.

Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary häkimiýetleriň bu meseläni işsiz raýatlary iş bilen üpjün edip, gazanç etmegine şert döredip bermek bilen çözmegiň deregine olara garşy dürli “jeza beriş çärelerini” ulanýandygyny habar berip gelýärler.

2020-nji ýylda Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz Darganata etrabynda aliment tölemedik erkekleriň suratlarynyň, aşagyna kesmsidiji’ sözler ýazylyp, köpçülikleýin ýerlerinde asylyp başlanandygyny habar berdiler.

Mundan başga-da, türkmen häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygmaga ugratdylar, olary gan tabşyrmaga mejbur etdiler, daşary ýurtlara goýbermediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ TÄZE ÇAGYRYLYŞYNYŇ BIRINJI MASLAHATYNA GATNAŞDY
Adalatçynyň diwanynda aýal-gyzlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça täze bölüm açyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda görnetin galp mahabatyň peýdalanylandygy üçin administratiw jerime salnyp başlanar
Türkmenabadyň polisiýasy düzgün bozan pyýadalara garşy göreşini güýçlendirdi
Iň beýikdäki saýlaw uçastogy