ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde düýn tamamlanan halkara tehnologiýa sergisinde (CES 2019) elektron senagatyna degişli üýtgeşik enjamlar we tehnologiýalar köpçülige görkezildi. 50 ýyldan köp wagtdan bäri geçirilýän halkara sergi sarp edijilere niýetlenen elektron enjamlaryna bagyşlanan dünýäniň iň iri çäresi hasaplanýar.
Halkara sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 4500-den gowrak kompaniýa, şol sanda, önüm öndürijiler, tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edijiler we olary işläp taýýarlaýan şereketler gatnaşýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde 250 töweregi maslahat geçirildi, innowasion enjamlary oýlap tapan şereketlere baýraklar gowşuryldy.
Maslahatlara dünýäniň 150 ýurdundan şereketleriň wekilleri, bu ugurda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdy.Sarp edijilere niýetlenen tehnologiýa senagatynyň global derejede pul dolanyşygynyň ýyllyk 398 milliard dollardygy bellenilýär.
“Matrix Industries” firmasynyň 2016-njy ýylda çykaran sagady özüne gerekli togy adamyň bedeniniň ýylylygyndan alýardy.Kompaniýanyň täze çykaran “Matrix PowerWatch 2” sagady hem bedeniň ýylylygyndan energiýa alýar, hem-de oňa kiçijik Gün paneljigi ýerleşdirilipdir.
Enjam iOS hem-de “Android” telefonlar bilen sazlaşykly işläp bilýär.Goşar sagady gündelik hereketiň baradaky maglumatlary toplaýar, gan basyşyňy ölçeýär we GPS arkaly ýeriňi anyklaýar.Täze enjam “Kabel bilen zarýad bermek düýbünden gerek däl” diýlip tanyşdyryldy.
Dronlar, jisimleriň interneti (IoT), 8K durulygyndaky telewizorlar, 5G tehnologiýasy, eplenýän ekranlar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen halkara derejesinde öňdebaryjy kompaniýalar bilen bir hatarda, ululy-kiçili täze şereketler hem öz harytlaryny hödürledi. Sergä LG, “Asus”, “Sony”, “Acer” ýaly tehnologiýa brendleri, şeýle hem Mercedes, BMW we başga-da birnäçe awtoulag öndüriji kompaniýalar gatnaşdy.
Beýleki birnäçe kompaniýalar bilen bir hatarda “Asus” hem ýankompýuterleriniň birnäçesini tanyşdyrdy.Olaryň ilkinjisi “ROG Zephyrus GX701” aşa ýukalygy bilen tapawutlanýar. 17 dýuýmlyk ekranly noutbugyň ekranynyň gyrasyndaky çarçuwa hem örän insiz. Şeýlelikde, ol 15 dýuýmlyk enjamlara niýetlenen torbalara hem sygýar. Ýokary durulykda reňkleri hödürleýän enjamyň zarýady hem köp wagtlap saklanýar. “Asus” kompaniýasy “ROG G703”, “ROG Strix SCAR II”, “ROG Strix Hero II” we “Asus Zenbook 14” noutbuklaryny görkezdi. “Asus” bilen bir hatarda “Razer” we beýleki kompaniýalaryň oýun oýnamaga niýetlenen ýankompýuterleriň ekranynyň bölünip aýrylýandygy ünsi çekýär.
Mikroprosessor önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Intel” täze “Ice Lake” mikroprosessoryny tanyşdyrdy. Şu ýyl satuwa çykaryljak 10 nanometrlik mikroprosessor kompýuterleriň mümkinçiliklerini artdyrar.Tanyşdyrylyş dabarasynda aýdylyşyna görä, täze mikroprosessorlar şu ýylyň ahyryna çenli şahsy kompýuterlerde we ýankompýuterlerde oturdylar. Şeýle hem kompaniýanyň täze taslamasyna laýyklykda el telefonlaryndaky barometrler howanyň ýagdaýyny has takyk anyklamak üçin peýdalanylar.
IBM-e degişli bolan “The Weather Company” tarapyndan taýýarlanan taslama häzirki wagtda howanyň ýagdaýyny çaklamak üçin ulanylýan usuldan düýbünden başgaça çözgüt hödürleýär.
“Bread Bot” atly enjam hamyry ýugrup, ony böleklere bölüp, awtomat ýagdaýda çörek bişirýär. “Wilkinson Baking Company” tarapyndan işlenip taýýarlanan enjam azyk harytlaryny satýan söwda merkezlerinde müşderileri ýaňy bişen gyzgyn çörek bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen öndürilipdir.
Enjam ýörite gabyna goýlan gaty hamyra gerekli mukdarda suwy we hamyrmaýany goşup, belli ululykda kesip, dolulygyna awtomat görnüşde taýýar edýär.Enjamy dürli görnüşli çörekleri taýýarlamak üçin sazlap bolýar.
Soňky ýyllarda smartfon satuwy azalan HTC kompaniýasy sergide hyýaly hakykat äýnegini tanyşdyrdy. “Vive Pro Eye” we “Vive Cosmos VR” atly enjamlarda has täze tehnologiýadan peýdalanylypdyr. Hyýaly hakykat äýnegini öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan HTC-niň bu äýnekleri wideoýazgyny has hakykata ýakyn görkezmegi bilen tapawutlanýar. Ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykaryljak enjamlaryň bahasy mälim edilmedi.
Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy sergide eplenýän telewizoryny tanyşdyrdy.Telewizor gerek bolmajak mahaly ýygnalyp aşagynda duran stoluň içine girýär. 65 dýuýmlyk telewizory uzakdan dolandyrylýan enjam arkaly ýygnap we gaýtadan açmak mümkin.
OLED ekranly telewizor 20 sm töweregi bolan gapyrjagyň içine girýär. “Signature Series OLED TV R” atly 4K durulygyndaky täze telewizoryň ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.Onuň 50 müň gezek açylyp ýapylmaga çydamlydygy aýdylýar.
Bu hasap bilen, ony her günde 8 gezek açyp ýapanda, 17 ýyl ulanyp bolar. Şeýle hem telewizoryň dörtden bir bölegini gapyrjakdan çykyp durar ýaly edip sazlap bolýar. Şeýdilende, ekranyň ýüzünde sagat, howanyň ýagdaýy we surat görnüp durýar.
Onuň ses ulgamyny bolsa, telewizor işledilmese-de, “Bluetooth” baglanyşygy arkaly ulanyp bolýar.Mundan başga-da, telewizor ýygnalgy wagty islendik kanaly açyp, onuň diňe sesini diňlemek hem mümkin.