Çernogoriýanyň Içeri işler ministri Danilo Saranowiç, geçiren metbugat ýygnagynda, 45 ýaşly hüjümçiniň adynyň Ako Martinowiçdigini, Setinýeniň Baise diýilýän ýerindäki barlaryň birinde guran ýaragly hüjümde azyndan 10 adamy öldürendigini habar berdi.
Ýogalanlaryň arasynda baryň eýesi we kämillik ýaşyna ýetmedik 2 çagasynyň hem bardygyny aýdan Saranowiç, 4 adamyň hem agyr ýaralandygyny aýan etdi.
Saranowiç, polisiýanyň wakadan soň gaçan hüjümçini tapmak üçin işe girişendigini belläp: "Esasy maksadymyz hüjümçini tussag etmek. Beýleki tarapdan bolsa Martinowiç, garyndaşlaryndan hem birnäçe adamy öldürdi" diýip mälim etdi.
Raýatlara hüjümçiniň tussag edilýänçä çenli öýlerinde galmaklary barada çagyryş beren Saranowiç: "Hüjümçi howply we ýaragly adam, ýöne çüňke gabalyp barýar" diýip nygtady.
Milli metbugatda berilen habarlarda, hüjümçiniň ozal hem bikanun ýarag saklamakdan tussag edilendigi bellenildi.
Çernogoriýanyň Prezidenti Ýakow Milatowiç hem Setinýede bolan pajygaly waka çuňňur alada bildirip, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.
Çernogoriýanyň hökümedi, hüjüm sebäpli 3 günlük milli ýas yglan etdi.
Sebit ýurtlary bolan Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina we Horwatiýa döwletleriniň liderler, wakadan soň gynanç ýüzlenmelerini çap etdiler.