Çeperçilik sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Bahar gelse baglar gül açyp, päkize asmandyr mylaýym ýagyş-ýagmyrlar ýagyp, durmuş täzelenýär, ýaşlyk galkynýar, aýdym-sazly, tansly-şagalaňly toý tutulýar...
Sergini Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň belli “Bahar” atly suraty açýar, onda keçede oturan owadan gyz şekillendirilipdir. Bu gyzyň ady Nowruz baýramy bilen baglylykda onuň gözel keşbi ýaly aýratyn üýtgeşik mana eýe bolýar.
Aman Ataýewiň hem “Bahar” atly belli gobeleni ýokarda agzalan eser bilen sazlaşykly utgaşýar, onuň gahrymany mähirdir gözelligiň we sazlaşygyň nyşany bolup görünýär.
Sergide Iwan Mýagkowyň özboluşly “Günorta çagy” suraty goýlupdyr. Onuň ýokarky böleginde asman bölegidir dag depeleri, soň awtobusly awtomobil ýoly, ondan soň ýogyn tut, aşakda bolsa, belki, Iwan Mýagkowyň surat çeken ýeri bolsa gerek, suw berlen şüdügär ýer şekillendirilen. Suratdan ýagşyň, topragyň we baharyň ysy gelip dur.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedow baharyň bu pursadyny başgaça beýan edipdir. Onuň “Çülide dynç alyşda” atly suratynda bu ýere gelen şäherlileriň biri nahar taýynlasa, beýlekisi jagrama çöpleýär, başga biri surat çekýär... Hemmesem dostana söhbetdeşlikden we gül-pürçük tebigata bakmakdan lezzet alýar. Nakgaş daragtlary uly, adamlary bilgeşleýin kiçi şekillendirip, Bahar paslyny suratyň gahrymany edipdir.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowanyň çeken suratynda oba meýdançasyndan toý lybasyny geýen ýany çagaly zenanlaryň bir topary elleri sowgat-serpaýly baýrama barýarlar. Eseriň “Toýa” diýip atlandyrylmagam onda hemmäniň garaşýan şatlyk duýgusyny açyp görkezýär. Suratda gahrymanlaryň köplügine garamazdan ondaky türkmen zenanlarynyň keşbiniň gaýtalanýan ýeri ýok.
Ony tanaýanlaryň aýtmagyna görä, Ýewgeniýa Mihaýlowna talyplara, tanyşlaryna, hat-da nätanyş adamlara-da surat üçin nusga bolmagy haýyş eder eken. Ol hemişe özüne çekiji keşplei gözläpdir, ilkinji nusgalary gaty kän bolansoň, olardan ussatlyk bilen ýerlikli peýdalanypdyr. Onuň eserleriniň gahrymanlarynyň arasyndan, belki, uly ýaşlylardan özüni tananlar tapylar...
Rozyýa Çaşmeliýewa “Küştdepdi” triptihinde gahrymanlarynyň sazlaşykly hereketleri arkaly bu üýtgeşik tansyň özboluşly täsirini beýan etmegiň hötdesinden gelipdir. Baýramçylyk ruhuny nygtaýan joşgunly ýordum tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär.
Nowruz baýramy diýlende ilki bilen gül çemenleri göz öňüne gelýär. Durdy Baýramowyň, Aýhan Hajyýewiň, Ýarly Baýramowyň, Gennadiý Babikowyň, Ýewgeniý Grişiniň suratlaryndaky bägül, siren, iris, gülälek ýaly güller bahar paslynyň al-röwşen gözelligini nygtaýar.