Çeper tikin fabriginiň önümleri Türkmenistandaky mekdep bazarlaryna çykaryldy

Çeper tikin fabriginiň önümleri Türkmenistandaky mekdep bazarlaryna çykaryldy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Çeper tikin fabriginiň işgärleri köp sanly mekdep eşiklerini taýýarlaýarlar.

TDH tarapyndan berilýän habara görä, tikin fabrigiň işgärleri ýurduň içinde açylan mekdep ýarmarkalaryna işjeň gatnaşyp, mekdep lybaslarynyň köp dürlüsini hödürleýärler.

Önümleriň içerki bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün etmek üçin fabrik dünýä belli öndürijileriň häzirki zaman köpugurly tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Tikin fabriginiň şu günki görnüşi çagalar we ulular üçin onlarça eşik, düşek, ýorgan we öý dokma önümlerini öz içine alýar. Şu ýylyň başyndan bäri, tikin fabriginde 10 million manatdan gowrak önüm öndürildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Gandaş uniform: ýörite lybaslara täzeçe garaýyş
Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary
Kim, haçan oýlap tapdy?