Çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

Çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy bilen bilelikde guramagynda çeper gimnastika boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Bu barada Türkmen sporty gazeti habar berdi.

Aşgabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň gimnastika sagaldyş-sport desgasynda ýaýbaňlandyrylan birinjilige ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaşlaryň (12 15 ýaş) we ulularyň (16 we uly ýaş) arasynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Fiza Aýwazowanyň hem-de Galina Poýakinanyň, Jemile Muradowanyň, Mariýa Kartaşowanyň şägirtleri tapawutlandylar.

Netijede paýtagtly gyzlar şowly çykyş etdiler. Olardan Kim Karolina, Medine Nazarowa, Aýlar Oşmanowa, Mahym Kerimowa, Leýli Beknazarowa we Kseniýa Finagenowa dagy ýeňiji boldy. Mary welaýatyndan Rabiga Hudaýberdiýewa we Türkmenbaşy şäheriniň türgenleri Mähri Berdiýewa, Ýekaterina Galkowa dagy öňdäki orny eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda