Çempionyň ýeňşi

Dünýä Ralli çempionatynyň (WRC) möwsümdäki 3-nji ýaryşy Meksika Rallisinde fransiýaly Sebastian Ožie ýeňiş gazandy. “M-Sport Ford WRT” toparynyň sürüjisi pellehana 3 sagat 54 minut 08 sekuntda gelip, şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 42-nji ýeňşini baýram etdi.

Ondan 1 minut 03,6 sekunt yza galan “Hyundai Shell Mobis WRT” toparynyň ispan piloty Dani Sordo 2-nji ýeri eýeledi. Ýeňiş münberini tamamlaýan 3-nji sürüji-de “Citroën Total Abu Dhabi WRT” toparynyň britan piloty Kris Mik boldy (3:55:27,2 sagat).

Dünýä Ralli ýaryşyna täzeden dolanan, rowaýaty sürüji, 9 gezek çempion diýen ady eýelän Sebastian Lýob 5-nji orny eýeledi.Bu ýaryşdan soň, utugyny 56-a çykaran soňky 5 ýylyň çempiony Ožie 1-nji hatarda barýar. 4 utugy az Tierri Noýwil 2-nji, 35 utukly Andreas Mikkelsen 3-nji ýeri eýeleýär.

Möwsümiň 4-nji ýaryşy 58-nji aprel aralygynda Fransiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsüme badalga berildi
Garaşylmadyk sürüjileriň üstünligi
Noýwill arany açýar
Hamilton we Tanak arany açýar
Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Ožie öňe saýlandy