Çempionyň 50-nji ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji tapgyry Amerika “Gran Prisinde” hem çempionlygyny öň yglan eden Maks Werstappen ýeňiş gazandy. “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Tehasyň Ostin şäherindäki “Circuit of the Americas” trassasynda geçirilen ýaryşa 6-njy hatardan başlap, Werstappen 56 aýlawy 1 sagat 35 minut 21,362 sekuntda tamamlady.

Bu onuň şu möwsümdäki 15-nji karýerasyndaky 50-nji ýeňşi boldy.Werstappen Amerika “Gran Prisindäki” sprint ýaryşynda-da ýeňiş gazandy.

“McLaren” toparynyň britan sürüjisi Lando Norrisiň 2-nji, Ferrariden ispaniýaly pilot Karlos Saýns Junior 3-nji ýeri eýeledi. Aslynda ýaryşda 2-nji ýere “Mercedes” toparynyň Lýuwis Hamilton mynasyp boldy. Ýöne ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ikisi goýberen tehniki ýalňyşlyklary sebäpli bäsleşikden çykaryldy. Lekler ýaryşy 6-njy orunda tamamlapdy.

18-nji ýaryşdan soň bassyr 3-nji çempionlygyny öň yglan eden Werstappen utugyny 466-a ýetirdi. 2-nji ýerdäki topardaşy Serhio Peresiň 240, 3-nji basgançakdaky Hamiltonyň 201 utugy bar.

Möwsümiň indiki bäsleşigi 29-njy oktýabrda Meksikanyň paýtagtynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi
945 günden soň ýeňiş gazandy
Öz rekordyny täzeledi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
35 ýyllyk rekord täzelendi