Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Ahal” topary “Şagadam” toparyndan uly hasap bilen üstün çykdy.Paýtagtymyzdaky “Nusaý stadionynda oýnalan finalda “Ahal” topary 5-0 hasabynda üstün çykyp, möwsümdäki 2-nji kubogyny gazandy. “Ahal” topary golaýda ýurdumyzyň çempionatynda wagtyndan öň çempionlygyny hem yglan edipdi. “Ahal” toparyn uly hasaply ýeňiş getiren gollary Şanazar Tirkişow (25), Didar Durdyýew (59), Ýunus Orazmämmedow (62 ö.d.), Elman Tagaýew (74 p) hem-de Resul Hojaýew (85) geçirdi. 30-njy minutda Ahaldan Ygragym Mämmedowyň penalti salyp bilmedik duşuşygynda, 34-nji minutda her topardan bir oýunçy gyzyl kart aldy. “Şagadamdan” Mekan Aşyrow, “Ahaldan” Abdy Bäşimow meýdançadan çykaryldy.
Şeýlelikde, “Şagadamdan” geçen ýylyň finalynda 1-0 asgyn gelen “Ahal” bu gezek 5-0 hasabynda ýeňip, 2013-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllardan soň Türkmenistanyň Kubogyna 4-nji sapar mynasyp boldy. Olar 2 gezek hem finalda ýeňilipdiler. “Şagadam” bolsa 2 gezek ýeňiji bolan ýaryşynda 4-nji sapar finalda utuldy.