Çempionlar ligasynyň üçünji aýlawynyň iň owadan goly yglan edildi

Çempionlar ligasynyň üçünji aýlawynyň iň owadan goly yglan edildi

"Krasnodaryň" futbolçysy Magomed-Şapi Süleýmanowyň "Sewilýanyň" derwezesine geçiren pökgüsi Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji oýun hepdesiniň iň owadan goly hökmünde ykrar edildi. Bu barada UEFA-nyň resmi web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Çempionlar ligasynyň "E" toparçasynda "Sewilýa" bilen "Krasnodaryň" arasyndaky duşuşyk çarşenbe güni ispan toparynyň meýdançasynda geçirildi we 3:2 hasabynda tamamlandy.Süleýmanow birinji ýarymda jerime urgusyndan göni zarba bilen hasaby açdy, pökgi ýer eýeleriniň derwezesiniň ýokarky çep burçundan tora girdi. Üçünji aýlawyň iň owadan goluna dalaşgärleriň arasynda mönhengladbahly "Borussiýanyň" hüjümçisi Allasan Plea we onuň donetskli "Şahtýoryň" (6:0) derwezesine uran 3 golunyň biri, madridli "Realyň" derwezesini zabt eden "Interiň" hüjümçisi Lautaro Martinez (2:3), "Marsel" bilen oýunda tapawutlanan "Portunyň" ýarymgoragçy Luis Diaz (3:0) dagylar bardy.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada finalyň ady: ArgentinaBraziliýa
Dünýäniň iň gymmat futbolçylary
ABŞ Kubany Terrora Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Ýaňadandan Goşdy
Portugaliýanyň iň superi “Porto”
Bijeler 3-nji dekabrda çekiler
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi