Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek...

Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek...

UEFA Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek zenan emin jürlewük çalar.Fransiýaly meşhur zenan emin Stefani Frappar ertirki “Ýuwentus” “Dinamo Kiýew” duşuşygyna eminlik eder. Şeýle waka UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji gezek bolýar. 36 ýaşyndaky Frappara Hişam Zakrani, Medi Ramuni ýardam berer.

Mälim bolşy ýaly, Frappar 2019-njy “Liwerpul” bilen “Çelsiniň” arasyndaky UEFA Super Kubogy duşuşygynda-da eminlik edipdi.Ol şonda UEFA-nyň iri ýaryşlarynda jürlewük çalan ilkinji zenan emin bolupdy.

Frappar häzirki wagtda Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de hem-de Ýewropa Ligasynyň duşuşyklaryna-da eminlik edýär.

Ýene degişli makalalar

92 ýyllyk Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek
Ilkinji zenan emin
Ýene-de Stambul, ýene-de “Liwerpul”
Sportuň taryhynda şu gün 14-nji awgust
Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar
Türkiýe-Litwa futbol duşuşygy TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler