Çempionlar ligasynyň kubogyndan soň Ýewropanyň çempionlygy

Italiýanyň ýygyndysynyň çelsili futbolçylary Žoržinio bilen Emerson Palmeriniň topardaşlaryndan iň uly aýratynlygy bu çempionlykdan 1,5 aý töweregi öň Çempionlar ligasynyň kubogyny hem gazanypdylar. Şeýlelikde, olar bir möwsümde Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa çempionatynyň ýeňijileri boldy.

Olar şeýle başarnyk görkezen 10-11-nji futbolçylar hökmünde hasaba alyndy.Bu iki asly brazil bolan futbolçylardan öň 1964-nji ýylda ispaniýaly Luis Suares (“Inter”), 1988-nji ýylda gollandiýaly Hans wan Breukelen, Ronald Kuman, Berri wan Aerle (“PSW Eýndhowen”), 2012-nji ýylda ispaniýaly Fernando Torres bilen Huan Mata (“Çelsi”), 2016-njy ýylda-da portugaliýaly Kristiano Ronaldo bilen Pepe (“Real Madrid”) iki arzyly kubogy eýeläpdiler.

Ýene degişli makalalar

Karwahal hem-de Naço meşhur sanawa giren 12-13-nji futbolçy boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy
Çapyksuwar zenan barada täze film