Çempionlar ligasynyň duşuşygynda "Bawariýa" "Barselonadan" üstün çykdy

Çempionlar ligasynyň duşuşygynda "Bawariýa" "Barselonadan" üstün çykdy

UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Bawariýa futbol kluby Barselonadan üstün çykdy.

Mýunhende geçirilen oýun 2:0 hasabynda tamamlandy. Bawariýanyň düzüminde Lukas Ernandes (50-nji minut) we Leroý Zane (54) tapawutlandy. Bawariýa 6 utuk toplap, C toparyň başyny çekýär. Barselona Italiýanyň Interi bilen bilelikde ikinji orunda durýar (3 utuk). Dördünji orunda ýeke utuksyz Wiktoriýa Plzen ýerleşýär. Indiki tapgyrda Barselona Wiktoriýa Plezen, Bawariýa Inter bilen duşuşar. Duşuşyk 4-nji oktýabrda geçiriler.

Oýun gününiň beýleki duşuşygynyň netijeleri şulardan ybarat: A topar: "Liwerpul" (Angliýa) - "Aýaks" (Niderlandlar) - 2:1. B topar: "Portu" (Portugaliýa) - "Brýugge" (Belgiýa) - 0:4, "Baýer" (Germaniýa) - "Atletiko" (Ispaniýa) - 2:0. D topar: "Marsel" (Fransiýa) - "Aýntraht" (Germaniýa) - 0:1, Sporting (Portugaliýa) - Tottenhem (Angliýa) - 2:0

Ýene degişli makalalar

Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi
ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Belgiýanyň Brýuggesi taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy
Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy
Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegi toplandy, Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1 million tonnadan gowrak önüm öndürdi, Türkmenistanda güýçli ýagyş ýagar we beýleki habarlar