Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna gatnaşyjylaryň aglabasy belli boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna gatnaşyjylaryň aglabasy belli boldy

8-nji dekabra geçilýän gije Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji jemleýji duşuşyklary geçirildi. Mançester Siti myhmançylykda Leýpsigden ýeňildi (1:2), Real Interi utdy (2:0), Milan Liwerpuldan ýeňildi (1:2) we ýewrokuboklardan gaýtdy, Portu bolsa Atletikadan ýeňildi (1:3).

Liwerpul toparlaýyn tapgyryň ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlap, Çempionlar ligasynyň taryhynda bu tapgyrda şu netijäni görkezen ilkinji iňlis kluby boldy. Bu tapgyrdan soň, Çempionlar ligasynyň pleý-of tapgyrynyň 12 sany gatnaşyjysy mälim boldy. Olar: Mançester Siti, PSŽ, Liwerpul, Atletiko, Aýaks, Sporting, Real, Inter, Bawariýa, Mançester Ýunaýted, Çelsi we Ýuwentus. Portu, Şerif, Borussiýa Dortmund we RBLeýpsig Ýewropa Ligasynda çykyş ederler.

Duşuşyklaryň netijeleri: А topar PSŽ — Brýugge — 4:1 (Mbappe, 2, 7. Messi, 38, 76, pen. — Rits, 68). Leýpsig — Mançester Siti — 2:1 (Sobosloi, 24, Andre Silwa, 71 — Mahrez, 76).

В topar Milan — Liwerpul — 1:2 (Tomori, 29 — Salah, 36. Origi, 55) Portu — Atletiko — 1:3 (Serjiu Oliweýra, 90+5, pen. — Grizmann, 56. Korrea, 90. De Paul, 90+3)

С topar Aýaks — Sporting L — 4:2 (Aller, 8, pen. Antoni, 42. Neres, 58. Berghaýs, 62 — Nunu Santuş, 22. Tabata, 78). Borussiýa D — Beşiktaş — 5:0 (Malen, 29. Roýs, 45+2, pen, 53. Holann, 68, 81).

D topar Şahtýor — Şerif — 1:1 (Fernandu, 42 — Nikolow, 90+3). Real — Inter — 2:0 (Kroos, 17. Asensio, 79).

Toparlaýyn tapgyrynyň galan duşuşyklary 9-njy noýabra geçilýän gije oýnalar. Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri 13-nji dekabrda UEFA-nyň Nýondaky ştab-kwartirasynda çekiler. 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 15-16-njy we 22-23-nji fewralda geçiriler. Jogap oýunlary 8-9-njy we 15-16-njy martda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry: Real we Siti birinji duşuşyklarynda ýeňiş gazandy
Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz
UEFA ýylyň topary
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa