Çempionatyň şekilleri

Sport ýaryşlaryna özboluşly şowhun, şatlyk goşýan şekiller (talesman) ýa-da maskotlar öz gözbaşyny 1960-njy ýyllaryň meşhur amerikan gurjak multfilmleri Mappetslerdan alyp gaýdar.Häzirki wagtda islendik sport çäresinde giňden ulanylýan şekiller aýratynam, çagalaryň, ýaşlaryň ünsüni sporta, ýaryşlara gönükdirmek maksady bilen bäsleşikleriň bezegine öwrülýär.

Maskotlar duşuşyklaryň geçirilýän mahaly şowhuny hasam artdyrmaga uly ýardam berýär.Irki ýyllarda oglanjyklaryň şekilinde bolan şekiller, soňky ýyllarda ýaryşyň geçirilýän ýurdunyň iň meşhur jandarlarynyň keşbinde döredilýär.Futbol boýunça Dünýä çempionatlarynyň şekilleri ilkinji gezek Angliýa 1966-da peýda bolýar. Şonda “Willi” atly ýolbars şekilindäki şekil çempionatda uly şowhun döredýär. 1970-nji ýylda “Huanito” atly oglanjyk meksikan egin-eşikleri, aýratynam “sombrero” şlýapasy bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýär. 1974-nji ýylda “Tip we Top” atly 2 sany oglanjyk Germaniýanyň ýygyndysynyň köýnekçeleri bilen çempionatyň bezegine öwrülýär. 1978-nji ýylda Argentinanyň ýygyndysynyň köýnekçesini geýen “Gauçito” aty oglanjygyň geýen şlýapasy uly meşhurlyk gazanýar.1982-nji ýylda “Naranžito” atly pyrtykala meňzeş şekili ýer eýeleri ispanlaryň milli toparynyň köýnekçesi bilen janköýerleriň begenjine uly şatlyk goşýar. 1986-njy ýyldaky şekil “Pike” diýlip atlandyrylýar.

Ol Meksikanyň nyşany hasaplanýan tutuş dünýä belli ajy, gyzyl burçuň şekilinde bolupdy.Ol murty we şlýapasy bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýär. 1990-njy ýylda Italiýanyň baýdagynyň reňkleri bilen bezelen we kellesi top görnüşli uzyn syryk şekil bolupdy.

Oňa “Çao” diýlip, ol italýan dilindäki iň ýörgünli sözdür.Onuň manysy saglyk-amanlyk diýmekdir. 1994-nji ýyldaky çempionatyň şekili “Straýker” atly itjagaz bolup, amerikanyň baýdagynyň şekili bilen bezelen şekile “USA 94” ýazgysy ýerleşdirilipdir.1998-nji ýyldaky kuboga gök reňkli horaz şekil hökmünde saýlanýar.

Ol Fransiýanyň milli nyşany bolup, oňa “Futiks” (futbol hem-de Asteriks sözlerinden emele getirildi) diýlip at goýulýar.Ilkinji gezek 2 ýurduň bilelikde guran çempionaty Günorta Koreýa/Ýaponiýa 2002-de 3 şekil çykyş edýär. “Atmobil” atly futbola çalymdaş oýnuň gahrymanlaryndan saýlanan “Ato”, “Kaz” we “Nik” şekilleri, degişlilikde, narynç, mor hem-de gök reňkde bolup, “Ato” tälimçini, beýleki ikisi-de oýunçyny aňladýar.

Kompýuterde taýýarlanan bu şekiller halkyň ses bermegi esasynda saýlanyp alnan şekillerdir.Futbol oýnaýan ýolbarsy ýatladýan şekil “Goleo VI” hem-de oňa kömekçi “Pille” futbol topy Germaniýa 2006-nyň bezegine öwrülýär. Özboluşly wuwuzela tüýdükleriniň owazy bilen ýatda galan Günorta Afrika 2010-nyň şekili “Zakumi” bolup, şol alajabarsyň saçy ýaşyl, teni altynsow reňkdedir. “Zakumi” sözi “Za” (Günorta Afrikanyň döwlet belgisi) bilen “Kumi” (ýerli 10 sany dilde alajabars diýmekdir) sözlerinden emele gelýär.

Mundan 4 ýyl öňki çempionatyň şekili-de “Fuleko” bolup, ol Braziliýada seýrek duş gelýän bronenosesli jandarlaryň biridir.Ady “Futebol” (fu) hem-de “Ecologia” (leko) sözlerinden gelip çykýar.Bu ýylky çempionatyň şekili möjek bolup, ol ses berlişikde pişik hem-de gaplaňdan öňe saýlanýar.

Talyp Ýekaterina Boçarowa tarapyndan taýýarlanan şekiliň ady “Zabiwaka” bolup, ol gol geçiriji diýen manyny aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 17-nji oktýabr
“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy
Sport täzelikleri
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji