Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar

Futbolyň iň uly çäresi 88 ýyl bäri her 4 ýyldan 1 gezek geçirilýän Dünýä Kubogy ýaryşydyr.Islendik futbolçynyň-da iň esasy maksady bu futbol baýramçylygynda çykyş etmek. Ýöne gatnaşýan ýygyndylaryň we olara saýlanýan oýunçylaryň sanynyň çäkli bolmagy bilen hemme futbolça Dünýä Kubogynda oýnamak miýesser etmeýär.

Taryhda onlarça dünýä ýyldyzy dürli sebäpden Dünýä Kubogynda birje minut hem oýnaman karýeralaryny tamamladylar. Şikesler, ýygyndy toparyň şowsuzlygy a-da tälimçileriň taktiki ýagdaýy bahanalap, käbir oýunçylary düzüme çagyrylmazlygy ýaly sebäplerden onlarça ýyldyz futbolyň iň uly baýramçylygynyň daşynda galdy.

Ine, her çempionatda bolşy ýaly, bu Dünýä Kubogynyň duşuşyklaryna-da öýünde tomaşa etjek ýyldyzlaryň sany az däl.Olaryň hatarynda çempionata ýollanma gazanyp bilmedik ýygyndylaryň oýunçylary, şikes alanlar hem-de tälimçileri tarapyndan saýlanmadyk ýyldyzlar bar.Ilki bilen, ýollanma alyp bilmedik toparlaryň ýyldyzlaryna seredenimizde, bada-bat 60 ýyldan soň Dünýa Kubogynyň final tapgyrynyň daşynda galan 4 gezek çempion bolan Italiýanyň ýygyndysy bilen 3 kümüş medalyň eýesi Gollandiýa ýadyňa düşýär. 1970-nji ýyldan bäri Dünýä çempionatlarynda her 12 ýyldan finala çykýan italýanlar bu gezek şol ýörelgelerine eýerip bilmeseler gerek.

Gorag futbolynyň ägirdi italýanlardan Bonuççi, Kiellini, Buffon, Werratti, Immobile, Bonawentura, Kandrewa, Donnarumma ýaly oýunçylar çempionata öýlerinde tomaşa etmeli bolarlar.Olaryň hataryna owadan oýunlary bilen tapawutlanýan, emma muňa garamazdan, kubok gazanmak bagty miýesser etmedik we soňky çempionatda bürünç medal gazanan gollandlaryň Blind, Wan Diýk, Wiýnaldum, Strootman, Depaý, Babel, Promes ýaly futbolçylaryny-da goşmak bolar.Bulardan başga-da bassyr 4 çempionaty goýberen Türkiýäniň ýygyndysyndan Arda Turan, Burak Ýylmaz, Hakan Çalhanoglu, Jenk Tosun, Jengiz Ünder, Uelsden Garet Beýl, Aaron Remzi, Awstriýadan Dawid Alaba, Marsel Sabitzer, Marko Arnatowiç, Bosniýadan Edin Jeko, Ukrainadan Andreý Ýarmolenko, Ýewgeniý Konoplýanka, Günorta Amerikanyň soňky 2 gezekki çempiony Çiliden Aleksis Sançes, Arturo Widal, Klaudio Brawo, Eduardo Wargas, ABŞ-nyň ýygyndysyndan Kristian Pulişiç, Maýk Bredli, Žouzi Altidor, Afrikanyň çempiony Kamerundan Wensen Abubakar, Çupo-Moting, Ganadan E.

Boateng, J.Aýew, A.Gýan, Kot-d’Iwuardan Dumbia, Boni, Žerwinio, Kessi, Ý.Ture, Baili, Alžirden Brahimi, Mahrez, Bentaleb, Slimani, Gulam, Feguli, Gabondan Pier-Emerik Obameýang ýaly oýunçylar öňümizdäki 1 aýy dynç alyşda geçirerler.Şikesi sebäpli Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmeýänler barada hem belläp geçsek, ol hemişe-de futbolda bar bolan zatlaryň biridir.

Tasdanam braziliýaly super ýyldyz Neýmar, müsürli Mohamed Salah, germaniýaly Manuel Noýer hemmäniň garaşýan ýaryşynyň daşynda galyp bilerdi.Russiýaly Aleksandr Kokorin, Georgi Džikiýa, braziliýaly Dani Alwes, angliýaly Oksleýd Çemberleýn, germaniýaly Lars Ştindl, portugaliýaly Fabio Koentrao, argentinaly derwezeçi Serhio Romero, fransiýaly Loren Koselni bilen Dmitri Paýet, urugwaýly Abel Hernandes bilen Diego Rolan, daniýaly hüjümçi Niklas Bendtner ýaly tanalýan oýunçylar bilen bir hatarda, Günorta Koreýadyr Ýaponiýanyň, Tunisiň, Eýranyň esasy düzüminden käbir oýunçylar şikesden ejir çekenleriň hatarynda.Soňkusy we iň esasysy tälimçiler tarapyndan saýlanmadyk ýyldyzlar o diýen az hem däl.

Sanawyň 23 oýunçydan ybarat bolmagy, azyndan 23 ýygyndy düzüp boljak toparlar üçin mesele hasam çylşyrymlaşýar.Mysal üçin, Didie Deşamyň sanawa almadyk oýunçylaryndanam güýçli ýygyndy döredip bolar.Fransiýaly tälimçi Aleksandr Lakazett, Antoni Marsial, Ben Ýedder, Kingsli Koman, öz islegi boýunça Adrian Rabio, Laýwin Kurzawa, Mamadu Sakho, ozaldan bäri-de ýygynda almaýan oýunçysy Karim Benzema dagyny Russiýa alyp gaýtmady.

Soňky çempion Germaniýa-da tälimçi Löwüň “Mançester Sitiniň” ýaş ýyldyzy Leroý Saneni soňky pursatda düzümden aýyrmagy hemmäni geň galdyrdy.Onuň ornuna bu möwsümde yzygiderli çykyş edip bilmedik Julien Draksler bilen Marko Roýsy toparda alyp galdy. Şeýle-de Löw 2014-nji ýyldaky finalda ýeňiş getiren goluň awtory Mario Gýotseni, şikesden ýaňy saplanan Emre Jany, soňky wagtlarda diýseň başarnykly oýun görkezen Sandro Wagneri, goragçy Şkodran Mustafini düzüme çagyrmady.

Ispaniýanyň ýygyndysynda-da çagyrylmadyk ýyldyzlaryň sany az däl.Lopetegi “Çelside” şowly oýun görkezen Markos Alonsony, hüjümçi Alwaro Morata bilen Pedrony hem-de Fabregasy ýygynda almady.Argentinada “Serie A-nyň” iň netijeli 2 oýunçysynyň biri bolan Mauro Ikardiniň gazanan bu üstünligi oňa ýygynda girmek üçin ýeterlik bolmady.

Ondan başga-da Anhel Korrea, Diego Perotti, Enzo Peres, Hawier Pastore, Funes Mori ýaly oýunçylar topara çagyrylmady. Çempionlygyň esasy dalaşgäri Braziliýanyň tälimçisi Tite hem käbir ýyldyzlaryny ýany bilen alyp gaýtmady.

Olaryň hatarynda aýratynam Dawid Luizi bellesek, Juliano, Talişka, Tardelli, Aleks Sandro, Fabinio dagy hem bar.Belgiýada tälimçi Martines esasy ýarymgoragçylaryndan Rajja Nainggolany düzüme almady.Olam milli topardaky karýerasyny tamamlandygyny habar berdi.

Tälimçi Martines başga-da Siman, Benteke, Defur, Mirallas, Oriji ýaly tanalýan oýunçylary hem düzüme goşmady.Angliýa-da Sautgeýtiň almadyk oýunçylarynyň arasynda Lallana, Starrij, Wilşer, Smolling, Jou Hart, Bertrand, Klaýn dagy bar. Ýewropanyň çempiony Portugaliýanyň ýygyndysynda-da tälimçi Santoş 2 ýyl öň gazanylan yklymyň çempionlygyna özleriniň uly goşandyny goşan oýunçylardan Nelson Semedo, Eliseu, Eder, Nani, Andre Gomeş, Renato Sançes dagyny bu sapar çagyrmady.

Sebäbi olaryň köpüsi çykyş edýän klublarynda yzygiderli meýdança çykmandy. Öňki ýyllarda-da şeýle wakalara duş gelnipdi.Mysal üçin, ispaniýaly merhum tälimçi Luis Aragones 2008-nji ýylda ýyldyz hüjümçi Raul Gonzalesi düzüme çagyrmandy.

Soňlugy bilen Aragones Ispaniýany yklymyň çempiony etmegi başarypdy.Germaniýaly Löw hem mundan 4 ýyl öňki çempionata Marko Roýsy çagyrmandy.Netijede, kubogy asmana göteren Germaniýa bolupdy. Şol birwagtyň özünde çagyrylmadyk ýyldyzlar sebäpli şowsuzlyga uçralan halatlar-da az däl.

Jowanni Trapattoni janköýerleriň ullakan haýyşyna garamazdan, super ýyldyz Roberto Bajjony Koreýa we Ýaponiýadaky çempionata alyp gitmändi. Şol ýaryşda Italiýa 2-nji tapgyrdan soň, öýüne dolanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
Premier Ligada möwsümiň oýunçysy mälim edildi
“Bundesliganyň” täze möwsümi
Messiniň 35-nji het-trigi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar