Çempion giç açyldy, Ronaldonyň täze rekordlary

/* custom css */ .td_uid_19_60c9e9efd60f9_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c9e9efd60f9_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýewropa çempionatynyň toparçalaryndaky birinji aýlawyň jemleýji gününde soňky çempion Portugaliýa hem meýdança çykdy.

Budapeştdäki Puşkaş Arenada ýerli Wengriýanyň ýygyndysy bilen duşuşan Portugaliýa hasaby açmak juda kyn boldy.Mundan öňki 13 oýunda Portugaliýanyň ýeňip görmedik wengerler 84 minutlap goranmagy başardylar. Ýöne 84-nji minutdan soň welin, derwezelerin 3 gol geçirtdiler.

Oýnuň 84-nji minutynda Rafael Gerreýronyň urgusy gorgaçy Orbanyň aýagyna degip derwezä girdi.Bu goldan 3 minut soň ýene-de Orban jerime meýdançasynyň içinde Rafa Silwanyň garşysyna gödeklige ýol berdi we emin Jüneýt Çakyr penalti urgusyny belledi.

Ony-da dürs uran Kristiano Ronaldo hasaby 2-ä çykardy.Bu onuň 10-njy goly bolup, ol Ýewropa çempionatlarynyň iň netijeli oýunçysy diýen rekordy öz adyna geçirdi. 90+2-nji minutda Ronaldo owadan hereketlerden soň ýene bir gezek tapawutlandy. Şeýlelikde, 3-0 hasabynda üstün çykan soňky çempion Portugaliýa çempionata ynamly ýeňiş bilen başlady.

Gollarynyň sanyny 11-e ýetiren Kristiana Ronaldo bu ugurda rekordyň ýeke-täk eýesi boldy.Milli ýygyndydaky gollarynyň sanyny 106-a ýetiren Ronaldo eýranly Ali Daeiniň (109 gol) rekordyna bir ädim golaýlady.

Ronaldo 5 çempionatda çykyş eden we 5 çempionatda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.Gerreýronyň geçiren goly Portugaliýanyň Ýewropa çempionatlaryndaky 50-nji goly hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ronaldo, Mbappe meýdança çykar, Fransiýa bilen Germaniýa duşuşar
XXI asyryň iň gowy eminleri
Jüneýt Çakyr Marokko-Eýran bäsleşigini gönükdirer
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Barselona” ikinji tapgyra çykdy
“Porto” 7-nji, “Tottenham” 2-nji gezek çärýek finalda