Çempion 1-nji fewralda belli bolar

Birleşen Arap Emirliklerinde dowam edýän 17-nji Aziýa Kubogynyň 1/8 finalynda faworitler ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy. Çekeleşikli geçen duşuşykda Iordaniýa bilen Wýetnam duşuşyp, oýnuň esasy wagty 11 deňlikde tamamlandy.

Penaltilerden soň, 42 ýeňiş gazanan Wýetnam 2-nji gezek çärýek finala çykdy.Tailand bilen Hytaýyň arasyndaky oýunda ýeňiş hytaýlylaryň tarapynda bolup, olar 21 hasabynda ýeňiş gazandy. Çempionlyga ymtylýan Eýranyň milli topary-da Jahanbahş we Dežagahyň gollary bilen Omanyň ýygyndysyny 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Olar bassyr 7-nji gezek çärýek finala ýollanma aldy. Ýaponiýanyň ýygyndysy Saud Arabystanynyň milli toparyndan Takehiro Tomiýasunyň 20-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen üstün çykdy.Hasap açylmasa-da, Awstraliýa bilen Özbegistanyň arasyndaky oýun diýseň çekeleşikli geçdi.

Netijede, oýundan soňky penalti urgularynyň has köpüsini dürs ýerine ýetiren soňky çempion Awstraliýa ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy (42). 5 goluň geçirilen oýnunda ýer eýeleri BAE çempionatyň debýutanty Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyny goşmaça wagtda ýeňmegi başardy. 7-nji minutda Kamis Ismailiň goly bilen öňe saýlanan araplara 26-njy minutda gyrgyzlardan Mirlan Murzaýew jogap berdi. 64-nji minutda Ali Mabhut BAE-ni öňe çykardy. 90+1-nji minutda gyrgyzlar ýene hasaby deňledi.

Bu goly Tursunali Rustamow öz adyna ýazdyrdy.Goşmaça wagtda-da hytaýly emin Fu Min ýer eýeleriniň peýdasyna penalti belledi.Ony-da 103-nji minutda Halil Al-Junaibi dürs ýerine ýetirip, toparyny çärýek finala çykardy. Ýeňijisi goşmaça wagtda belli bolan beýleki oýunda-da Günorta Koreýanyň milli topary Bahreýni 21 (Hwan Hi-çan 43, Kim Žin-su 105+2 — Al-Romaihi 77) utdy.

Katar bolsa, Bassim Al-Rawiniň uzakdan uran goly bilen Yragy 10 ýeňip, garşydaşyny ýaryşdan çykardy.

Garaşylýan toparlar ýarym finaldaÇärýek finalda Wýetnam bilen Ýaponiýa duşuşdy.Dubaýdaky Al Maktum stadionynda oýnalan duşuşykda ýaponlar 10 hasabynda üstün çykyp, 6-njy ýola ýarym finala çykdy.

Samuraýlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 57-nji minutda Ritsu Doan penaltiden derwezä girizdi.Gol geçirtmezden ýoluny dowam edýän Eýranyň ýygyndysy Hytaýyň milli toparyny 30 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Gollary 18-nji minutda Mehdi Taremi, 31-nji minutda Serdar Azmun hem-de 90+1-nji minutda Karim Ansarifard derwezä girizdi.Duşuşykdan soň, Hytaýyň tälimçisi Marçelo Lippi wezipesinden boşadyldy. Şeýlelikde, Ýaponiýa bilen Eýranyň ýygyndsy 28-nji ýanwarda ýarym finalda duşuşarlar.

Olar şu wagta çenli 17 gezek duşuşyp, Eýran 6, Ýaponiýa 5 sapar ýeňiş gazandy. 6 oýun hem deňlikde tamamlandy.Çempionatyň finaly 1-nji fewralda Abu-Dabidäki “Zaýed Sports” stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Yklymyň täze çempiony
Messiden öňe geçdi, Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýar
Uly hasaply ýeňişler
Çärýek we ýarym final oýunlary
Uly final 26-njy maýda
Aziýada ýewropaly tälimçiler