“Çelsiniň” Sterlingi bar

Angliýanyň “Premier Ligasynda” möwsümiň 3-nji tapgyry “Çelsi”“Luton Tawn” duşuşygy bilen başlady. “Stamford Bridge” stadionynda oýnalan duşuşykda ýer eýeleri 3-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, möwsümdäki ilkinji 3 utugyny aldy.

Londonlylara ýeňiş getiren gollary 2-sini Rahim Sterling (17, 69), beýlekisini-de onuň pasyndan soň Nikolas Jekson (75) geçirdi.Sterlingiň geçiren 2 golunyň pasyny-da ýaş oýunçy Malo Gýusto berdi. Çempionatda 17 oýundan soň ýeňiş gazanan “Çelsi” Poçettinonyň tälimçiliginde ilkinji gezek üstün çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Poçettino öňki toparyny derbi-dagyn etdi
Londonda 8 gol bar, ýeňiş gazanan ýok
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Çelsi ýene-de ýeňildi
Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...
Ýylyň iň köp pul gazanýan futbolçylary