Çelsi Poçettino bilen şertnamasyny ýatyrdy

Çelsi Poçettino bilen şertnamasyny ýatyrdy

Çelsi baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen iki taraplaýyn razylygyň netijesinde şertnamasyny ýatyrandygyny habar berdi.

Argentinaly hünärmen 2023-nji ýylyň tomsunda "Çelsa" ýolbaşçylyk edip başlady.Topar onuň ýolbaşçylygynda ähli ýaryşlarda 51 oýun oýnady, 27 gezek ýeňiş gazandy, 10 gezek deňme-deň oýnady we 14 gezek ýeňildi. Şeýle hem, olar premýer-ligada 6-njy orny eýeläp, konferensiýa ligasynda oýnamak hukugyny gazandy.

Eger-de Mançester Siti Angliýa kubogynyň finalynda Mançester Ýunaýtedi ýeňen ýagdaýynda, gökler Ýewropa ligasyna gatnaşar.

Poçettino bilen Çelsiniň arasynda hiç hili düşünişmezlik ýokdugy belläp geçilýär. Topar derrew täze baş tälimçi gözläp başlar. Olar esasanam Sebastian Heness (Ştutgart), Miçel Sançes (Žirona), Enzo Mareski (Lester) we Ipswiçiň tälimçisi Kieran MakKenna ýaly ýaş hünärmenleri seredjekdigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy
Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmenistan: Sport Çelsi ― Mançester Ýunaýted duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
“Çelsiniň” Sterlingi bar