“Çelsi” klubuň amerikaly işewüre satylandygyny habar berdi

“Çelsi” klubuň amerikaly işewüre satylandygyny habar berdi

Angliýanyň “Çelsi” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň amerikaly işewür Todd Bouliniň konsorsiumy tarapyndan satyn alynmagynyň şertlerini ylalaşdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Konsorsiuma “Los-Anjeles Dojers” beýsbol toparynyň we “Los-Anjeles Leýkers” basketbol klubunyň egindeş eýesi bolan Bouli hem-de şweýsariýaly milliarder Hansýorg Wiss we amerikaly işewür Mark Uolter girýär. “Çelsiniň” metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, şertnama maý aýynyň ahyrynda tamamlanmaly.

““Çelsi” futbol kluby Todd Bouliniň, Mark Uolteriň, Hansýorg Wissiň we Clearlake Capital paýdarlar firmasynyň ýolbaşçylygyndaky täze bir topar tarapyndan klubuň satyn alynmagy üçin şertleriň ylalaşylandygyny tassyklap biler.Umumy mukdardan 2,5 mlrd funt sterling klubuň paýnamalaryny satyn almaga gönükdiriler.

Bu serişdeler haýyr-sahawat maksatlaryna bagyşlamak üçin Beýik Britaniýada doňdurylan bank hasabyna geçiriler.Serişdeleri doňdurylan hasapdan geçirmek üçin Beýik Britaniýanyň hökümetiniň rugsady gerek bolar” diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, “Çelsi” klubuň täze eýeleriniň toparyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin goşmaça çykdajylara 1,75 mlrd funt sterling berjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Noworossiýsk Portunda Partlama Sesleri Eşidildi
DEMIRGAZYK-GÜNORTA GEÇELGESINI ÖSDÜRMEK ÜÇIN HALKARA KONSORSIUMY DÖREDILÝÄR
Olimpiýa şäherçesini saklamak üçin, 1300 iş orny dörediler
Owganystanyň üstünden gaz geçiriji gurmak: hakyky proýektmi ýa-da hyýal?