“Çelsi” fransiýaly ýyldyzy transfer etdi

Angliýanyň “Çelsi” topary soňky 2 transfer möwsüminde bolşy ýaly, bu tomusda-da transferiň merkezindäki toparlarň biri boljaga meňzeýär.Klubdan birnäçe oýunçynyň gitmegine garaşylýar. Şol sanda täze tälimçiniň islegi boýunça käbir oýunçylar hem düzüme goşular.

London şäheriniň wekili tomusky ilkinji transferini resmi ýagdaýda mälim etdi.Aslynda iňlis kluby transfer eden oýunçysy bilen öňräk ylalaşyp gazanypdy. “Çelsi” kluby Germaniýanyň “Leipsig” toparynyň fransiýaly hüjümçisi Kristofer Nkunkuny transfer etdi.

Iňlis kluby 25 ýaşyndaky oýunçy bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Çelsi” kluby Nkunkunyň transferi üçin nemes toparyna 60 million ýewro tölär.PSŽ-de futbola başlan Nkunku parižlileriň düzüminde 4 möwsüm çykyş edeninden soň, 2019-njy ýylda Leipsige transfer boldy.

Ol nemes klubunda-da 4 möwsümde 172 oýunda 70 gol geçirdi.Nkunku Fransiýanyň ýygyndysynda-da 10 gezek meýdança çyksa-da, oňa entek tapawutlanmak başartmady.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Oskarly režissýor Nolan täze filmine “Hollywood”-yň ýyldyzlaryny çagyrdy
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Şrek-5 filminiň surata alnyşyna taýýarlyk başlandy
Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi
Hulusi Akar Antakýadaky NATO çadyr şäherçesiniň açylyşyna gatnaşdy