“Çelsi” bilen “Sewilýa” 1/8 finala çykdy

“Çelsi” bilen “Sewilýa” 1/8 finala çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklaryň deň ýarysy oýnaldy. “E” toparçada birmeňzeş hasaplar bilen tamamlanan duşuşyklardan soň, “Çelsi” bilen “Sewilýa” 1/8 finala çykmagy başardy. “Çelsi” myhmançylykda “Renni”, “Sewilýa” hem “Krasnodary” soňky minutlarda geçiren goly bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, 10 utuk toplan “Çelsi” bilen “Sewilýa” toparlary wagtyndan ozal ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar. 4 oýunda 1 utuk alan “Krasnodar” bilen “Renn” üçin Çempionlar ligasynda ýaryşy dowam etmek mümkinçiligi galmady.

Galan 2 oýunda iň köp utuk toplan topar Ýewropa ligasynda ýaryşy dowam eder.

“Krasnodar “Sewilýa” 1:2 (Wanderson 56 Rakitiç 4, Munir 90+5)

“Renn” “Çelsi” 1:2 (Girassi 85 Hadson-Odoi 22, Žiru 90+1)

Ýene degişli makalalar

“Barselona” arany açýar
Dortmundyň "Borussiýasy" ÇL-iň pleý-off tapgyrynda, "Krasnodar" - Ýewropa ligasynda oýnar
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar