UEFA Ýewropa ligasynda 1/8 finalyň 1-nji oýunlary oýnaldy. “Çelsi” öz meýdançasynda Kiýewiň “Dinamosyny” 30 hasabynda ýeňdi.Londonlylaryň gollaryny Pedro (17), Willian (65), Hudson-Odoi (90) geçirdi.
Edil şonuň ýaly hasap bilen “Napoli” hem Italiýada “Red Bull Salsburgdan” üstün çykdy.Italýan toparynyň adyndan Milik (10), Fabian (18) hem-de Ongýuen (58 ö.d.) tapawutlandy.Fransiýanyň “Renn” topary “Arsenaly” kabul edip, güýçli garşydaşyny 31 hasabynda ýeňdi (Burgeu 42, Monreal 65 ö.d., Sarr 88 Aýwobi 4). “Sewilýa” bilen “Slawiýa Praganyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 2-2 gutaran oýnuň gollarynyň hemmesi-de 1-nji ýarymda derwezä girizildi (Ben Ýedder 1, Munir 28 Stok 25, Kral 39).
Ispan we rus klublarynyň arasyndaky duşuşyklarda ýeňiş günbatarlylaryň tarapynda boldy. “Walensiýa” öz meýdançasynda “Krasnodary” Rodrigonyň 2 goly bilen 21 ýeňdi (Rodrigo 12, 24 Klaesson 63). “Zenit” bolsa öz meýdançasynda “Wilýarrealdan” 31 hasabynda asgyn geldi. “Zenitiň” ýeke-täk pökgüsini 33-nji minutda Serdar Azmun öz adyna ýazdyrdy.
Myhmanlaryň gollaryny Iborra (33), Jerard (64) hem-de Morlanes (71) geçirdi.Zagrebiň “Dinamosy-da” öz meýdançasynda “Benfikany” Petkowiçiň 38-nji minutdaky penalti goly bilen 10 utdy. “Aýntraht” bilen “Inter” Frankfurtda duşuşyp, oýunda hasap açylmady.
UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýunlary 14-nji martda oýnalar.