“Premier Liganyň” öňdebaryjy wekillerinden “Çelsi” topary ahyry satyldy.Topary amerikaly işewür Todd Boeli we onuň kompaniýasy “Clearlake Capital”, şeýle-de Mark Wolter hem-de Hansýorg Wissden ybarat konsorsium “Çelsi” klubuny 4,25 milliard funt sterlinge (4,9 milliard ýewro) satyn aldy.
Mälim bolşy ýaly, emele gelen ýagdaýlar sebäpli klubuň 19 ýyllyk eýesi, russiýaly işewür Roman Abramowiç ony mejbury ýagdaýda satmaly bolupdy. 4,25 milliardyň 2,5 milliardy klubuň aksiýalary üçin bolup, ol haýyr-sahawat gaznalarynyň haýryna geçiriler.
Sebäbi Abramowiç ozal klubuň aksiýalaryndan gazanyljak puly haýyr-sahawat gaznalaryna geçirjekdigine wada beripdi. 4,25 milliardyň galan 1,75 milliardyny-da klubuň täze eýeleri täze maýa goýumlar üçin sarp eder.