Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar

Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar

KazMunaýGazyň golçur kärhanasy bolan KMG Drilling and Services kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açdy. Bu barada Report habar berýär.

Ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek taslamalar bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanda işleri çalt we netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik döretek üçin KMG Drilling and Services kompaniýasynyň Aşgabatda şahamçasy açyldy. Bu waka Gazagystanyň halkara nebit bazarlaryndaky ornuny giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar diýlip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Mundan başga-da, KazMunaýGazyň metbugat gullugy tarapyndan berlen habarda şu ýylyň awgust aýynda KMG Drilling and Services bilen Dragon Oil Turkmenistan Limitediň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde buraw işlerini geçirmek barada şertnama baglaşylandygy nygtalýar.

Bu maksatlar üçin Çeleken uglewodorod ýatagynda geçirilýän buraw işlerinde Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar. 2021-nji ýylda geçirilen döwrebaplaşdyryş işlerinden soňra bu desganyň ýük göterijilik kuwwaty 680 tonna çenli artdyryldy. Bu bolsa has uly taslamalar üçin täze mümkinçilikler açýar diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Satti dolulygyna Gazagystanda işläp taýýarlanylan ilkinji ýüzýän buraw desgasy bolup, onuň kömegi bilen 6 kilometre çenli çuňlukda buraw işlerini geçirmek mümkin.report.az

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar