Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'

Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'

Türkmenistanda adamlar kitaphanalara kän barmaýarlar, mejbur bolmasalar, kitaba pul bermäge ýagdaýlary ýok, kitap okaýan azaldy, kitapdan çörek gaýgysy öňe geçdi diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.Anonimlik şertinde gürleşen ýazyjylaryň biriniň aýtmagyna görä, ilki ýurtda bolýan wakalara tankydy garap bilýän döredijilik wekilleri gara sanawa salyndy, soň täze dörän 'uly' ýazyjynyň 'üýtgeşik talantynyň açylmagy' bilen, ilaty aňyrsy görünmeýän ykdysady kynçylyklar basmarlady.

Ol bu iki ýagdaýyň arasynda 'göni baglanyşyk bar' diýýär. Şeýlelikde, kitap okamaga derek, daşary ýurtlara gitmek isleýän adamlaryň barha köpelýändigi, häkimiýetleriň bu islegiň öňüne Türkiýe babatda girizilen wiza düzgüni ýaly çäreler bilen böwet basmaga çalyşýandygy habar berilýär. Şu aralykda Türkmenistanda gadagan edilen ýazyjylaryň eserleriniň türk dilinde çap edilmek mümkinçiliginiň giňelýändigi, türk terjimeçileriniň türkmen edebiýaty bilen has içgin gyzyklanyp başlandygy mälim boldy. "Eger-de Aşgabatda gadagan edilen ýazyjylar peýdalanyp bilseler, olar zähmet migrantlarynyň türk tejribelerini ulanyp, Türkiýedäki mümkinçilikleri açyp, çekerde saklaýan kitaplaryny türk kitap bazaryna çykaryp bilerler" diýip, Türkiýede kitaby çykan ýazyjy Hudaýberdi Hally aýtdy.

Ýazyjy bilen söhbetdeşlige geçmezden öň, Türkmenistanda emele gelen kitap krizisine anonimlik şertinde gürleşen ýazyjylaryň, ýerli habarçylarymyzyň “gözlerinden” seretmäge synanyşalyň.

1990-njy ýyllaryň başynda, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň “Ýazyjylar, siz maňa gerek” diýen sözlerine ynanan, ondan edebi tankydyň öňüni almagy haýyş eden ýazyjylaryň birnäçesi häzir aýatda ýok, diri galanlaryň içinde bolsa, edebi tankydyň gysylmagynyň ýazyjy, şahyr, edebi eser baradaky gürrüňleriň hem gysylmagyna, tas ýok edilmegine getirendigine düşünýänler indi näçe diýseň bar diýip, daşary ýurda çykan we sosial media ulgamy arkaly gürleşen ýazyjylaryň biri aýtdy.

Mundan öň, haçanda Saparmyrat Nyýazow ýazyjylara, beýleki döredijilik işgärlerine Berzeňňiniň ýokarsyndaky baýyrlykdan beren mellek ýerlerini yzyna alanyndan soň, birnäçe ýazyjy Azatlyk bilen habarlaşyp, bu mesele barada gepleşik taýýarlamagy haýyş edipdi.

Atagaeldi Garaýew ýaly, bu meselede açyk çykyş edip, öz pikirlerini aýdyp bilen adamlar hem boldy.Atageldi aganyň “agzyma keçe dykmaň, dykmaň gara keçäni, süpür diýiň, süpüreýin köçäni” diýýän goşgy setirleri bolsa, diňleýjilerimiziň käbiriniň tassyklamagyna görä, şindi hem ýatdan çykanok.

Ýurtdaky kitap ýagdaýyny biri-birinden bihabar öwrenen habarçylarymyzyň aýtmaklaryna görä, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitap çykartmak mümkinçiliklerinde ilerleme, gowulaşma alamatlary görünmeýär.

“Aşgabatdaky öňki metbugat öýünde we Hitrowkada, häzirki täze çaphanalarda ýerli ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary tasdan çap edilmeýär” diýip, Ahaldaky habarçymyz soňky 10 ýylda diňe bir bir adamyň kitaplarynyň çap edilendigini, şonuň bilen birlikde okuw kitaplarynyň, gazet-žurnallaryň çykarylandygyny belledi. Ýöne ol gazet-žurnallaryň düýpden okalmaýandygyny we esasan hojalykda, toý-sadakalarda ulanylýandygyny hem sözüne goşdy.

Mundan öňki ýyllarda häkimiýetleriň rugsadyny alan ýazyjy-şahyrlaryň käbiri Russiýada, Ukrainada kitap çykardyp bilýärdi, ol kitaplar MHM tarapyndan berk elekden geçirilýärdi, ýöne soňky döwürde bu hili rugsat alan, maliýe kömegini tapan ýazyjy-şahyr boldy diýip eşidemok diýip, habarçymyz gürrüňiňi dowam etdirdi.

“Olar [häkimiýetler] täze pikirli eserlerden gorkýarlar, ýönekeýje makalalardan, goşgulardan başlap, hekaýa, powest, roman bolsun, tapawudy ýok, bir sözde, syýasata gabat gelmeýär diýip, islendik eseriň üstünden atanak çekýärler, döwlet syrlarynyň açylmagyny bahana edinýärler” diýip, habarçy aýtdy.

“Özüm barada aýtsam, soňky ýyllarda türk ýazyjysy Orhan Jamalyň, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň kitaplaryny gaýtalap okaýaryn. Olaryň käbir eserleri, hususan-da Atmatowyň kitaplary Türkmenistanda häzir bolýan ýagdaýlary ýatladýar” diýip, habarçy kitaphanalaryň hem kitap okamak üçin däl, diňe döwlet propagandasy üçin ulanylýandygyny, adamlaryň ol ýere goýberilmeýändigini gürrüň berdi.

“Kitaphanalara adamlar esasan telewideniýe üçin guralýan çäreleri wideo ýazgy etmeli bolanda, kitap okaýan talyplary görkezmek üçin sahna taýýarlanlarynda goýberilýär” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.

Bu aýdylýanlary sebitlerdäki habarçylarymyz hem tassyk etdi.

“Türkmenistanda hakyky şahyrlara kitap ýazmaga rugsat berilmeýär, diňe Arkadagy we onuň syýasatyny öwmeli” diýip, Balkandaky habarçymyz döwlet baştutanyny wasp edýän goşgularyň metbugatda yzygiderli çap edilýändigini, radio-telewideniýede eşitdirilýändigini, adamlaryň bu hili “eserlerden” gaty ýadandygyny gürrüň berdi.

“Adamlara hakyky durmuş hakda ýa-da söýgi hakda ýazylan çeper eserler gerek, garaşdylar, emma bolmady. Ýazyjy-şahyrlar, publisistler, ýurtdaky awtoritar syýasat sebäpli, okyjylaryny ýitirdi, teatr sahnalaryna hem adam sereder ýaly eser çykarylmaýar” diýip, ol aýtdy.

Öňräk Balkan teatrlarynyň birinde görkezilen “Soňky duşuşyk” atly oýny görmäge bardym, ýaşlar hakda, söýgi temasy, emma oýunda Arkadag azyndan 15 sapar öwülýär, baryp, bu hili oýny görenime özüm utandym” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy kitaplar, olaryň okalyşy barada barada berlen soragyň özüni “kyn ýagdaýa” salandygyny, sebäbi Türkmenabatda soňky döwürde kitap satyn alyp, kitap okap yören bir adamy hem görmändigini aýdyp jogap berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, adamlaryň hemmesiniň pikiri azyk, iýer ýaly zat, garyn doýurmak, maşgalada öýlän ýa agşam bişirip boljak nahar bilen bagly.

“Meniň pikirimçe, kitap okamak barada pikir edýän, asla ýadyna kitap düşýän adam gaty az. Bu soragy Aşgabatdaky habarça berseňiz, has gowy bolardy, ol ýerde pul köp, kitap dükany hem has köp, Türkmenabatda 2 yerde kiçiräk kitap dükany bar, men oňa girip, kitap alyp çykan adamy göremok” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Habarçy bu ýagdaýy sebitdäki ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrdy we adamlaryň bar aladasynyň güzeran, hojalygy süýremek bolandygyny, Türkmenabatda köne eşiklerini, çagalarynyň geýen we çykan eşiklerini satyp gün görýän adamlaryň köpelendigini, paýtagtdaky ýaşaýyş bilen sebitlerdäki ýaşaýşyň tapawudynyň gaty uludygyny gürrüň berdi.

Ýerli habarçylarymyzyň biri ýazyjy-şahyr diýlende esasan öňki tanalan ýazyjylaryň göz öňüne gelýändigini, soňkularyň kän tanalmaýandygyny aýtdy:

“Halk içinde "haýsy täze şahyr bilýäňiz?’ diýip sorasaň, ýylgyryp: G.Berdimuhamedowy” diýip jogap berýärler. Ýurtda ýazyjy diýip, esasan şony tanaýarlar, onuň kitaplary köp çap edilýär, olary mejbury ýagdaýda býujet işgärlerine satýarlar.

Onuň kitaby hemme ýerde, okuw merkezlerinde, mekdeplerde, çagalar baglarynda hökmany suratda görnükli ýerlerde goýulmaly... Ýaş şahyrlary tanamaýarlar, soňky ýazyjylar bilinmeýär.Olaryň eserleri diňe gazet-žurnallarda çap edilýär we sada halk tarapyndan okalmaýar.

Esasan Gurbanguly Berdimuhamedowy öwýän goşgular çap edilýär, adamlar beýle eserler bilen gyzyklanmaýar.Telegepleşijkleriň gyzyksyz bolşy ýaly, gazet-žurnallar hem gyzyksyz. Şu sebäpden garaşsyzlyk döwrüniň şahyrlary okalmaýar, kitap dükanlary ýapylýar.”

Habarçy soňky ýyllarda özüňiz nähili kitap okadyňyz diýlen soraga “Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, Omar haýýamyň rubagylaryny, Dostoýewskiniň “Bednyýe lýudi” (Garyp adamlar) kitabyny okadym” diýip jogap berdi.

Ol kitaphanalara diňe student/talyp wagtynda, gerekli kitaplary almak üçin barandygyny, ol ýere barýan adamlaryň gaty az bolýandygyny hem sözüne goşdy. “Halk arasynda kitap okamak medeniýeti ösmeýär” diýip, habarçy nygtap aýtdy.

Şonuň bilen bir wagtda, eklenjini ýitiren ýazyjy-şahyrlarlaryň arasynda başga adamlara “eser” ýazyp berýän hakyna tutma ýazyjylaryň hem dörändigi habar berilýär. Belki, goşmaça maglumatlar gelip gowuşsa, bu barada soň aýratyn gürrüň ederis.

Eýsem, Türkmenistanda gadaganlyk sanawyna düşen ýazjyjylaryň Türkiýede 'azatlyga çykmak', has giň kitap bazaryna çykmak mümkinçiligi diýýämimiz näme? Azatlyk bu barada Türkmenistanda otuz ýyldan gowrak bäri 'gadagan' ýazyjylaryň biri, kyssaçy Hudaýberdi hally bilen söhbetdeş boldy.

Mysapyrlykda öz ýurdunda düşen 'gara sanawyndna' çykýan ýazyjy bilen söhbet

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, höwri köp bolsun, ýene bir kitabyňyz çykypdyr. Bu gezek türk dilinde. Mundan öň iňlis, çeh dillerinde kitaplaryňyz çykypdy. Belki, öz şatlygyňyzy Azatlygyň diňleýjileri, okyjylary bilen paýlaşarsyňyz? Bu kitap näme barada, oňa haýsy eserleriňiz ýa-da esasy nähili pikirli eserler girdi?

H.HALLY: Gutlagyňyz üçin sag boluň.Elbetde, meniň muny ähli okyjylar, diňleýjiler bilenem paýlaşasym gelýär.Kitabyň ady “Erkekler nähili ölýärler?”, çap edilen ýeri ANATOLIA kültür kitap neşirýaty.

Kitap türkmen dilinden, göni türk diline terjime edildi.Bu kitaba ululy-kiçili 12 sany hekaýa girizildi. Şol hekaýalaryňam ählisi dünýewi temadan gürrüň berýär, ýagny türkmeniň düýnki hem häzirki durmuşy barada gürrüň berýän hekaýalar. Şolaryň birnäçesi öň Türkmenistanda çap bolupdy.

Meselem, “Gurjak”, “Uly gyzlar gowy gyzlar” hekaýalarym öň çykypdy. Şonuň bilen birlikde soň ýazanlarymdan, “Erkekler nähili ölýärler?”, “Eneler”, “Şepe” ýaly hekaýalarym hem bar. Şol hekaýalary jemläp, çaklaňja bir kitap etdiler. Häzir satylyp gutaran bolmagy-da mümkin, gowy geçýär’ diýdiler, tiraž sany beýle köp däl, müň ekzemplýar.

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, ýene bir gysgajyk sorag beresim gelýär. Hekaýalary terjime etmek üçin, siziň özüňiz saýladyňyzmy ýa türk tarapy terjimeçi tarapy saýlap aldymy?

H.HALLY: Meniň özüm saýlap-seçip hödürledim.Sebäbi biziň Türkmenistanda wagtymyzda, ýaş döwrümizde terjime edebiýatyny okardyk. Şol terjimeler bir taraply bolardy, ýagny syýasy häsiýetli, meselem, baýlar garyplary ezýärler, garyplar ezilýär diýen ýaly temadan bolady, bir dünýewi ýa-da adaty durmuşdan edilen terjimeleri tapmak kyndy. Şol kynçylyklary nazarda tutup, hekaýalary özüm teklip etdim.

Ol ýerde söýgi temasy-da bar, durmuşy meseleleri, enä bolan hormat-sylag hem bar.Umuman, durmuşy görkezer ýaly hekaýalary özüm seçdim.

Azatlyk Radiosy: Dogy, siz kitabyňyzy türkçe çykartmak bilen bu ugurda öňki edilen işleriň üstüni ýetirdiňiz. Siziň kitabyňyz baradaky maglumaty görenimde, men ol ýerde Gurbannazar Ezizowyň, Gurbandurdy Geldiniň eserleriniň hem türkçä terjime edilişi baradaky ýazgylary gözden geçirdim. Siz bu tagallalary näderejede netijeli hasaplaýarsyňyz?

H.HALLY: Meniň pikirimçe, munuň özi gowy başlangyç. “Başlangyç” diýmegim, öň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda, şeýle medeni gatnaşyk ýokdy.Meselem, türk dilinden türkmen diline terjime etmek kyndy ýa-da ony yzarlaýardylar.

Elbetde, türk edebiýatyndan terjime edilýärdi, meselem, Eziz Nesiniň hekaýalary köpleriň ýadynda bolsa gerek, ýöne Eziz Nesini sowetler döwründe rus dilinden, türkmen diline geçirýärdiler. Şeýle medeni aragatnaşygyň bolmagyna öň päsgelçilik döredildi.

Indi şol päsgelçilik ýok, üstesine-de Türkiýäniň türkmenleriň medeniýetine bolan gatnaşygy gaty gowy hem giň.Munuň özi guwançly zat.Hut şu ýylyň özünde Türkiýede “Günümüz türkmen öyküsü” (“Häzirki türkmen hekaýalary”) atly hekaýalar ýygyndysy çap boldy.

Şol ýygynda Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň eserlerinden başlap, soňky nesilden Hydyr Amangeldiniň hekaýasyna çenli, ençeme ýazyjylaryň hekaýalary girizilipdir.Bu örän gowy zat, ony terjime eden Ahmet Gökçimen. Şunuň bilen birlikde, ýene-de şu ýyl meniň görenlerimden, türkmen dilçi alymy Ýusup Azmun baradaky hatyralar ýörite kitap bolup çykdy, ol ýerde meniňem bir ýatlamam bar.

Ine, şeýle kitaplar bar.Munuň özi meniň pikirimçe, örän oňat iş.Beýle işler mundan on ýyl öň, S.Nyýazowyň ölüminden soň birneme güýçlenipdi. Şol döwürde ençeme türk kitaplary türkmen diline terjime edildi hem türkmen kitaplary türk diline terjime edildi. Ýöne soňky döwürde şeýle gatnaşyk gaty haýallady, eger ol ýaňadan janlansa, munuň özi gowy zat.

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, siz bir gezek Türkiýeden geleňizde, ol ýerden Jelaleddin Rumynyň Möwlananyň mesnewileriniň türkçe çykan neşirini sowgat getiripdiňiz. Mende şonda türk dilindäki şygyr, goşgy terjimesi biraz lapykeçlik döretdi. Bu ýagdaý Gurbannazar Ezizowyň, Gurbandurdy Geldiniň goşgularynyň terjimesinde hem duýulýar. Eger öz pikiriňizi aýtsaňyz, türkmençeden türkçä geçirilen goşgularyň çeperçilik derejesi peselmeýärmi ýa men bu meselede ýalňyşýarynmy?

H.HALLY: Belki-de, sen ýalňyşýan dälsiň diýip pikir edýän, sebäbi sen bu ýerde umuman poeziýany göz öňünde tutýaň. “Poeziýany terjime etmek mümkin däl” diýip, biziň ýoldaşymyz, türkmen edebiýatynyň uly dostlarynyň biri Mihail Sinelnikowyň sözi bar.

Elbetde, poeziýany terjime edýärler.Poeziýa terjime edilmedik bolsa, onda türkmen okyjylary “Şanamany” bilmezdiler. Ýöne nähilem bolsa, terjime asyl nusga ýaly bolanok, asyl nusgadan bärden gaýdýar.Asyl nusga ol bir başga zat. Şonuň üçinem belli bir derejede asyl nusga bolmazlygy mümkin, ýöne her halda, şol edilýän iş gowy.

Ikinji bir tarapdan, ýene Möwlana meselesini alsak, meniň özümem rus dilindäki terjimeleri gowy gördüm.Aýratynam täjik alymlarynyň eden terjimeleri bar, F.Hadizade maňa gaty golaý geldi.Belki, meniň mekdebim şeýledir, belki, başga bir täsir bardyr, ony biljek däl, ýöne türk dilindäkä garanda, onuň rus dilindäki terjimesi bize has golaý gelýär.

Onuň ýene beýleki bir tarapy-da bar.Meselem, Ýunus Emräniň türkmen dilinde kitaby çykdy, Ýunus Emre terjime edildi.Men şol kitaby gözledim. Şonda maňa “sen onuň türkmençesini däl, eýsem türkçesini oka, ol has düşnükli, saňa golaý” diýdiler.

Ine, şeýle ýagdaýlaram bolýar.Bu, elbetde, terjime edebiýaty, ýöne her niçik gowşagragam, pesden gaýdýanam bolsa, şol terjime edebiýaty gerek.Aýratynam, ýaşlara gerek, medeniýet äleminiň bir çetinden giren adamlar üçin, ol hökman gerek. Şonuň üçinem nähilidir bir beýik talaby ödemäýende-de, meniň özüm-ä terjime edebiýatynyň tarapynda. “Ýokdan bary ýagşy” diýjek bolýan.

Azatlyk Radiosy: Soňky soragym Türkmenistandaky ýazyjylar olaryň kitap çykartmak kynçylygy barada.Sowet ýyllarynda hem kitap çykartmak kyndy. Ýöne Türkmen ýazyjylar birleşiginiň 1991-nji ýylda geçirilen soňky gurultaýyndan soň, kitabyny çykardyp bilýän ýazyjylaryň sanynyň örän azalandygy aýdylýar.

Mundan-da beteri, çykýan kitaplaryň pikir, tema örüsiniň gaty daralandygy görünýär. Ýöne Türkmenistanda ýaşap, Türkiýede kitap çykartmak hem o diýen oňlanmaýan ýaly. Ýa bu beýle dälmi?Türkmenistanly ýazyjylar, gadagan sanawyna giren awtorlar siziň türk-terjime ýoluňyzdan peýdalanyp bilermi?

H.HALLY: Elbetde, bu ýoldan peýdalanyp bilerler.Bu barada gürrüň ýok, sebäbi daşary ýurtda kitap çykartmagyň hiç bir kynçylygy ýok. Ýöne şu ýerde mümkinçilikden peýdalanyp, bir söz aýdasym gelýär.

Kitap diýilýänini ýazmak kyn, eser döretmek agyr iş. Şol eser ýazylandan soň, onuň Türkmenistanda çykarylman durmagyna men gaty geň galýan.Sebäbi bütin dünýäde beýle ýagdaý gaty seýrek.Meselem, çagalar baradaky edebiýat ýa-da liriki eserler ony näme üçin Türkmenistanda gadagan edýärler?

Men şoňa hiç düşünip bilemok.Sebäbi ol eserleri ýazmak kyn, ýazylandan soň, onuň öňüne gadaganlyk goýmak gaty bir adalatsyzlyk.

Indi daşary ýurtlardaky mümkinçilikler barada aýtsak, ol iki ugur boýunça mümkin. Owaly bilen öz ýazan diliňde-de daşary ýurtlarda kitap çap etdirmek mümkin, meselem, türkmen dilinde-de, onuň hiç bir kynçylygy ýok. Elbetde, harjy talap edilýär, özüňden pul çykarmaly. Ol pul beýle bir köp däl. Ikinji ugur, terjime etdirmek.

Meselem, Türkiýede çykan terjimeler.Bu ýerde-de bir kynçylyk bar. Şu ösen tehnologiýa bir tarapdan-a adam üçin peýdaly, beýleki tarapdanam, ol adamzada päsgel berýär.Meselem, öz kitabym barada aýtsam, şol kitaby kim aljak bolsa, ony neşirýata buýurmaly, ýagny neşirýatdan internetiň üsti bilen satyn almaly.

Onuň üçin sen neşirýatyň adyny bilmeli, web sahypasyna girmeli.Ony tapmaly. Şondan soň sen ol kitaby satyn alyp bilýäň.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aklanan Hojanepes Çaryýew näme üçin ýatlanmaýar?
Akyldaryň okan mekdebi
Reňkleri dillendiren ussat
Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Arzuwyny wysal eden: el hünäriniň gudraty