Çehiýanyň Prezidenti Petr Pawel motosikl sürýärkä, ýykylyp, şikes aldy. Ony gözegçilik etmek üçin Praganyň harby hassahanasyna eltdiler diýip, döwlet Baştutanynyň diwanyna salgylanýan MIR 24 habar berdi.
Habarda Prezidentiň şikesiniň ýeňildigi bellenýär. Döwlet baştutanynyň metbugat kätibi Paweliň hassahanada üç gün boljakdygyny habar berdi. Has anyk maglumatlary diwan soňrak berer diýip, AP News ýazýar.
2023-nji ýylyň başynda Petr Pawel Çehiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Onuň iň halaýan güýmenjeleriniň biriniň motosikl sürmekdigi aýdylýar. Pawel harby goşunyň ätiýaçlykdaky generalydyr.