Çehiýa Russiýanyň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy

Çehiýa Russiýanyň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy

Çehiýanyň Daşary işler ministrligi, Moskwadaky çeh diplomatlara garşy alynyp barylýan öjükdiriji çemeleşme sebäpli Russiýanyň Praga şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksander Zmežewskiýni ministrlige çagyrdy.

Çehiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Lenka Do metbugata beren beýanatynda, Çehiýanyň Moskwadaky ilçihanasynda iş alyp barýan diplomatlaryň rus resmileriniň öjükdiriji hereketlerine sezewar galýandyklaryny habar berdi.

Lenka Do, Russiýanyň Praga şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksander Zmežewskiýniň şol sebäpli Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny we Russiýanyň Wena ylalaşygyna hormat goýmagynyň gerekdiginiň garşy tarapa ýetirilendigini mälim etdi.

Moskwadaky diplomatlaryň ýagdaýlary bilen bagly maglumatlaryň howpsuzlyk sebäpli paýlaşylmandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Dünýäniň iň süýji peýnirlerinden biriniň Kars Grawýeridigini bilýäňizmi?
Karl Nehammer Awstriýanyň täze kansleri bolar