Çaýa we kofä şeker goşmagyň zyýanlydygy barada pikir ýalana çykaryldy

Çaýa we kofä şeker goşmagyň zyýanlydygy barada pikir ýalana çykaryldy

Niderlandlaryň Leýden uniwersitetiniň alymlary çaýa we kofä şeker goşmagyň zyýansyzdygyny kesgitlediler. Ylmy barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar topary 3 müňe golaý adamyň gatnaşmagyndaky 32 ýyllyk synlamalaryň maglumatlaryny seljerdiler, olar çaýa ýa-da kofä dürli möçberde gant goşup içipdirler.

Seljermäniň netijeleri gant goşmagyň wagtyndan öň ölüme hiç hili täsir etmeýändigini görkezdi.

Ylmy barlagyň awtorlary çaýa ýa-da kofä 2,5 gram (iki düwür) gant atyp içmegiň kadalaýykdygy barada netijä geldiler. Gazly suwlarda, şerbetlerde we beýleki içgilerde gandyň 25 grama golaýy bar, şonuň üçin bu içgiler adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär diýip, alymlar belleýärler.

Ýene degişli makalalar

38 ýaşly hytaýly zenan ýadandygy üçin garrylar öýüne göçüp bardy
Gowy uklamak we uzakly gün özümizi gowy durmak üçin käbir tebigy çözgüt teklipleri
Ýellenme sebäpli ýüze çykýan sanjylaryň tebigy çözgütleri
Çereşnýa sapagynyň peýdalary
Zyýat Hil konditer dükanlary: süýjüligiň islendik görnüşleri
Türk Çaýy 112 Ýurda Eksport Edildi