
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Margaritis Shinas bilen geçiren duşuşygyny özüniň Twitter hasabyndan beýan etdi.
Ministr Mewlüt Çawuşogly: "Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Margaritis Shinas bilen Belarussiýa başda bolmak bilen sebitimizdäki bikanun göç meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk" diýip habar berdi.
ÝB-niň Türkiýe Delegasiýasyndan alynan maglumata görä, Margaritis Shinasyň şu gün Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bilen duşuşyk geçirmegine, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bilen bolsa maslahat geçirmegine garaşylýar.